“Adden Energy” atly startap sanlyja minutyň dowamynda dolulygyna zarýad alýan hem-de häzirki batareýalardan iki esse uzak ulanyp bolýan batareýany işläp taýýarladylar.Elektroulaglara niýetlenen bu gaty batareýa 10 müňden köp gezek zarýad berip boljakdygy mälim edildi.
Hünärmenleri batareýanyň sagada niýetlenen görnüşini synagdan geçirdiler.Indi bolsa täzelikçi önümiň awtoulaga niýetlenen görnüşiniň işlenip düzülmegi üçin 5,15 million dollar maýa goýum özleşdiriler. “Adden Energy”-niň ýolbaşçysy Wilýam Fitzhug täze batareýanyň öýünde özbaşdak garažy bolmadyk, şol sebäpli gijesine ulagyny zarýada goýup bilmeýän adamlaryň işini ýeňilleşdirjekdigini aýdýar.
Onuň sözlerine görä, häzirki wagtda adaty ýangyçly ulaglardan azda-kände gymmat bolan elektroulaglar ýakyn geljekde hemmeler üçin elýeterli bolar.Çaklamalar dünýäde ähli ulaglaryň elektrik energiýasy bilen işlemeginiň global derejede zyýanly gazlaryň howa goýberilişini 16 göterim azaltjakdygyny görkezýär.Häzirki wagtda dünýäde ähli ulaglaryň 1 göterimini elektrik energiýasy bilen hereket edýän maşynlar emele getirýär.
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby