Üç gatly uçar tanyşdyryldy

Meşhur ispan kompaniýasy “Oscar Vinals” özboluşly ulag bolan “Asman kiti” (Sky Whale) atly uçaryň nusgasyny hödürledi.Bu kämil uçaryň döredilmeginiň esasy maksady hem ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ulanyşa has köp girizmekden ybaratdyr.

Taslamanyň awtorlary bu tehnologiki çözgüdiň ekologiýa taýdan arassa, tygşytly we ýokary öndürijilikli bolup biljekdigini öňe sürýärler.Taslamanyň inženerleri tarapyndan meýilleşdirilişi ýaly, uçar bir wagtda 755 ýolagçyny kabul edip, ýolagçylary üç gatda ýerleşýän amatly otaglarda ýerleşdirer.

Häzirki wagtda iň köp orunlyk uçarlar “Airbus 380” (853 orunlyk) hem-de “Boeing-747” (660) uçarlarydyr.Täze uçaryň sagatdaky tizligi 977 km çenli ýetip biler.Bu uçaryň haçan satuwa taýýar boljakdygy mälim edilmedi. Ýangyjy tygşytly ulanjak howa gämisiniň gibrid hereketlendirijisiniň boljakdygy bellenilýär.

Oguljeren Hudaýnazarowa,Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby

Ýene degişli makalalar

Türkmen oba hojalyk institutynyň yglan eden döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
23-nji aprel BMG-de iňlis diliniň güni
Bütindünýä pingwinler güni
“Eurovision” aýdym-saz bäsleşigi
“Aý-ýyldyzly” garpyz
Bütindünýä göçüp gidýän guşlar güni
Geljekde şäheriçi gatnaw nähili bolar?