Üç asyrdan bäri saýraýan bilbil

Hormatly Prezidentimiz: Türkmen halkynyň ençeme alymlary, şahyrlary uzak asyrlaryň dowamynda köptaraply ylmy we ajaýyp eserleri bilen türkmeniň adyny şöhratlandyrdy.Olar ylmy we çeper döredijiligi bilen dünýä medeniýetiniň ösüşine goşant goşdy diýip, halkymyzyň at-abraýyny ösdürmekde, dünýä medeniýetini ýokarlandyrmakda uly işleri bitiren şahsyýetlerimize bolan buýsanjyny beýan edýär. Şeýle şahsyýetleriň hatarynda Bilbil lakamy bilen indi üç asyrdan gowrak wagt bäri şygryýetiň sonarly sährasynda saýrap gelýän Nurmuhammet Andalyby hormat bilen ýatlamak bolar.

Nurmuhammet Andalyp gadymy Ürgençde, ýagny häzirki Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň Garamazy obasynda dünýä inipdir. Şahyr muny:

Ismim idi Nurmuhammet garyp,

Sözde tahallusum idi Andalyp,

Şährimiz Ürgenç welaýat idi,

Hanymyz Şahgazy hemaýat idi diýen setirlerinde beýan edipdir. Şahyryň ýaşlygy Garamazy obasynda geçýär.Ol ilki oba mekdebinde, soň bolsa Hywada medresede bilim alypdyr. Şahyr okuwynyň daşyndan Gündogar edebiýatynyň klassyklarynyň ylmy-filosofik işlerini, halk döredijilik eserlerini yhlas bilen okap, öz döwrüniň sowatly adamy bolup ýetişýär.

Nurmuhammediň esasy kesp-käri daýhançylyk hem agaç ussaçylygy bolupdyr.Ol kakasyndan öwrenen daýhançylyk işleri bilen bir hatarda obada jykyr ýasamak bilen meşgullanypdyr.

Nurmuhammet Andalyp türkmen nusgawy edebiýatynda iň önjeýli işlän, döredijilik älemi diýseň ýaýlymly, dünýägaraýşy örän giň şahsyýetleriň biri bolup, Gündogaryň parlak ýyldyzlary Rudaky, Ferdöwsi, Jamy, Saady, Nyzamy, Omar Haýýam, Nowaýy, Azady ýaly söz ussatlarynyň derejesine barmagy başaran şahyrdyr.

Onuň Leýli Mejnun, Ýusup Züleýha, Babaröwşen, Zeýnelarap, Melike Mährinigär dessanlary, Oguznama, Rysalaýy Nesimi, Kyssaýy Fyrgun ýaly mesnewileri, ýüzlerçe şygyrlary diňe bir türkmen edebiýatynyň däl, bütin Gündogar edebiýatynyň altyn hazynasyna giren eserlerdir.

Beýik söz ussadynyň ajaýyp eserleriniň her biri hakynda aýratyn agzap geçmek bolar. Şu ýerde onuň galamynyň astyndan çykan Sagdy-Wakgas eseriniň üstünde durup geçeliň.Söz ussady Andalyp tilige geldi hekaýat, An hezretden kylar turfa rowaýat diýip, başlanýan bu eserini halk rowaýaty esasynda ýazypdyr.

Däbe görä, dessanyň soňunda ol: Andalyp diýr dünýä öter eglenmez, uşbu dünýä kime wepa eýledi diýen setirlerinde öz adyny getiripdir.

Andalybyň Sagdy-Wakgas eseriniň göçürme nusgasy näbelli awtor tarapyndan XIX asyryň ortalarynda ýazylypdyr.Bu golýazma nusgasyny wenger alymy Arminiý Wamberi Orta Aziýa syýahaty mahalynda, ýagny 1863-nji ýylda ele salypdyr.

Derwüş sypatyna girip, obadan-oba, ilden-ile jahankeşdelik edip, türkmeniň gadymy mirasy, milli medeniýeti bilen gyzyklanyp, maglumat toplap ýören alymda bu eser çuňňur gyzyklanma döredipdir. Şeýlelikde, ol bu eseri öz ýany bilen alyp gidipdir we baryp Germaniýanyň Leýpsik şäherinde neşir edilen Çagataý edebiýatynyň hrestomatiýasy atly kitapda ýerleşdiripdir.

A.Wamberi eseriň mazmunynyň Ýewropa okyjylaryna düşnükli bolmagy üçin nemes dilinde beripdir. Şeýlelikde, Andalybyň Sagdy-Wakgas dessany bütin Ýewropa aralaşypdyr.

Soňky zamanlarda diňe bir Ýewropada däl, eýsem, bütin dünýäde kitap söwdasy güýjäp ugraýar. Şunlukda, adygan neşirçiler Sagdy-Wakgas eseri bilen gyzyklanyp ugrapdyrlar. 1916-njy ýylda Daşkentde O.A.Persowyň çaphanasy bu eseri Seýpelmelek-Methaljemal, Asly-Kerem, Fizulynyň Leýli-Mejnun dessanlary bilen bir jiltde özbaşyna bir bitewi kitap edip çap edipdir we Türküstana ýaýradypdyr.

Türkmen nusgawy edebiýatynyň ösmegine saldamly goşant goşan Nurmuhammet Andalybyň eserleri özüniň many-mazmun geriminiň giňligi bilen hemişe söýlüp okalýar. Dessançylyk däbini ösdürmekde hem söz ussadynyň tagallasy uludyr. Hormatly Prezidentimiziň ýörite Karary bilen 2011-njy ýylda şahyryň 350 ýyllygy bellenip geçildi.

Suraý MEREDOWA,

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabyndaky

53-nji orta mekdebiň mugallymy.

The post Üç asyrdan bäri saýraýan bilbil appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Täjik edebiýaty
Özbek edebiýaty: uzak geçmişden biziň günlerimize çenli
Gazak edebiýatynyň düýbüni tutujy
Akyldaryň okan mekdebi
Milli şygryýetiň altyn eýýamynyň parlak ýyldyzy