Uçýan taksiler üçin terminal açyldy

Soňky ýyllarda awtoulag öndürijileri elektrik energiýasy bilen uçýan ulaglar bilen bir hatarda uçýan taksileri hem işläp taýýarlaýar.Häzirki wagtda ýolagçy gatnatmaga niýetlenen kiçi göwrümli howa gämileriniň öndürmek isleýän kompaniýalaryň sany hem artýar.

Bu çözgüt şäheriçi ýol dyknyşygyny aradan aýyrmak maksady bilen teklip edilýär.Indi bolsa, uçýan ulaglar üçin ýörite terminallar hem gurlup başlandy.Golaýda Parižiň 40 kilometr demirgazyk-günbataryndaky Pontuaz-Kormeý howa menzilinde uçýan ulaglar üçin aýratyn terminal açyldy.

Bu ulaglar edil dikuçarlar ýaly dikligine uçup hem gonup bilýär.Adaty howa gämilerinden tapawutlylykda uçýan taksiler kuwwatly hereketlendirijilerden däl-de, kiçi, emma köp sanly motoroyň güýji bilen hereket edýän perler arkaly uçýar.

Kiçi howa taksilerine niýetlenen Ýewropadaky ilkinji terminalda häzirki wagtda synag maksatly uçuşlar amala aşyrylýar. 2024-nji ýylyň iýulyndan geçirilmegine garaşylýan Pariž Olimpiýadasynda bu howa taksileriniň ulanylmagyna garaşylýar.Bu taksileriň her biri sagatda 2-3 gezek uçup hem-de gonup bilerler.

Amanşeker Ýazgulyýewa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Sarahs etrabynyň täze häkimini belledi
Ýylyň iň gowy suwasty fotosuratlary saýlandy
Aşgabatda türkmen obasynyň täze keşbi boýunça döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy
Döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
Ýer-suw meselesi, emeldar çalyşmalarynyň aýdylmaýan sebäbi köp sorag döredýär
Sarahs etrabyna täze häkim bellenildi
7-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti