Uçýan taksiler garaşylandan ir peýda bolar

Birleşen Arap Emirlikleriniň iri şäherleriniň biri bolan Dubaýda uçýan taksileriň ýola goýulmagy üçin tagalla edilýär. Şäherde häzire çenli “Boeing” we “Vertical Aerospace” ýaly global kompaniýalar dürli synaglary geçirdiler. Şäherde ýol dyknyşygyny azaltmagyna garaşylýan uçýan taksiler üçin infrastruktura hem döredilýär. Şeýle taksileriň uçuş-gonuş meýdançalaryny gurýan “Skyports” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Dubaýyň dünýäde doly ösen uçýan taksi toruna eýe bolan ilkinji ýer bolmagyny isleýändiklerini aýtdy. Ýolbaşçy bu ugurdaky işleri çaltlandyryp, gysga wagtda has köp gonuş meýdançasynyň guruljakdygyny mälim etdi.

Dubaýda 2026-njy ýyla çenli doly işleýän giň uçýan taksi torunyň gurlup gutarylmagyna garaşylýar. “Skyports” şu ýylyň fewralynda wertiportlary (dikligine uçup hem gonup bilýän taksiler üçin meýdança) guruljakdygyny mälim edipdi.

Kompaniýa jemi dört ýerde Dubaýyň halkara aeroportynda, Palm Jumeirah adasynda, şäher merkezinde we ýahta portunda dört sany meýdança gurar. Şäheriň köp adamly esasy nokatlary bolan bu ýerler ýokary tizlikli daşky gurşawa zyýansyz gatnawy amala aşyrmaga mümkinçilik berer.

Uçýan awtoulag senagatynyň pul dolanyşygynyň 2035-nji ýyla çenli 150 milliard dollar bolmagyna garaşylýar.

Seýran Şamyradow, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň wekiliýeti SPEKA 2024 Ykdysady forumyna gatnaşdy
Tebigat we ekologiýa
Dünýäniň iň gowy 50 myhmanhanasy
Gurluşygy gaýtadan dikeldildi
Türkmenistan ata mekan Garaşsyz
Türkmen wekliýeti WETEX 2024 halkara sergisine gatnaşýar