Uçýan awtoulaga uly gyzyklanma

Amerikanyň ulag kompaniýasy “Uber” 2020-nji ýyla çenli uçýan awtoulag öndürmegi maksat edinýär.Onuň şäher şertlerine laýyklykda, dikligine uçmagy üçin ähli tehnologiýalar işlenip düzüler.Kompaniýa 2020-nji ýylda Dubaý şäherinde geçiriljek Bütindünýä sergisinde ilkinji ulagyny halk köpçüligine hödürlemegi meýilleşdirýär. Şäher awiasiýasy “Uber” kompaniýasy üçin nobatdaky ädimdir.

Kompaniýa täze önümleriň gözleginde. Şonuň üçin “Düwmä bas we uç” konsepsiýasyna laýyklykda, täze tehnologiýalary öndürmek göz öňünde tutulýar diýip, kompaniýanyň ýolbaşçylaryndan Jeff Holden gürrüň berdi.“Uber” kompaniýasy täze ulagynyň önümçiliginde 5 sany awiasiýa şereketleri bilen hyzmatdaşlyk etmekçi.

Häzirki wagtda “Airbus Group”, “AeroMobil Flying Car” ýaly kompaniýalar uçýan ulaglary öndürmek babatda degişli işleri alyp barýar. “AeroMobil Flying Car” kompaniýasy geçen hepdelerde Monako şäherindäki awtoulag sergisinde uçýan ulagyny görkezipdi. 2020-nji ýylda satuwa çykarylmagy göz öňünde tutulýan ulagyň bahasy 1,3 million bilen 1,6 million dollar aralygynda bolar.Baş edarasy ABŞ-nyň San-Fransisko ştatynda bolan “Uber” kompaniýasy 2009-njy ýylda döredildi we ol internet saýty arkaly onlaýn ýagdaýda taksi çagyrmak hyzmatyny amala aşyrýar.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň iň baý zenan aýdymçysy boldy
“Uber”-e täze ýolbaşçy bellendi
Ilkinji sürüjisiz ulag “Waymo”
Türkmenistanyň prezidentine Uber we Яндекс.Такси hyzmatlarynyň türkmen görnüşi hödürlendi
“Tiz taksi” ykjam telefon goşundysy işlenilip taýýarlanyldy
Tiz kömek ulagynyň ýerine taksi