Uçýan awtoulag öndürýän ilkinji zawod

Hytaýyň Guançžou şäherinde uçýan awtoulaglary öndürýän zawodyň gurluşygyna başlandy. Bu kärhana dünýäde ilkinji bolup şular ýaly maşynlaryň köpçülikleýin önümçiligine başlar diýip kärhananyň metbugat gullugy habar berýär.

Zawodyň meýdany 180 müň inedördül metr bolar. Uçýan awtoulaglaryň yzygiderli önümçiligine 2026-njy ýylda meýilleşdirilýär. Kärhananyň yglan edilen kuwwaty ýylda 10 müň uçýan awtoulaga deňdir.

Şeýle-de awtoulagyň ilkinji uçuşy şu ýylyň noýabr aýynda Çžuhaý şäherinde guraljak awiasalonda görkeziler. Kompaniýanyň wekilleriniň pikiriçe, olar täze önüm üçin eýýäm üç müňden gowrak öňünden sargyt aldylar.

Ýene degişli makalalar

HHR-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy kitap sowgat berdi
Awiakosmos sergisi guralar
Bütindünýä Taekwondo federasiýasy ştab-kwartirasyny Koýan şäherine geçirmek barada şertnama baglaşdy
Ýurt atlarynyň gelip çykyşy
Tennis täzelikleri
04.07.2019 | Hytaýyň Szilin welaýatynyň ýaşaýjylary türkmen jigitleriniň sungaty bilen tanyşýarlar