Hytaýyň Sinýuçžaý seýilgähindäki dagyň kert gaýasynda ýerleşýän täsin dükan bu ýere gelýän müşderilerde örän täsirli duýgulary döredýär. 120 metr belentlikde ýerleşýän bu dükanyň meýdany 4 inedördül metr bolup, agaçdan gurlupdyr.
Gaýa pugta berkidilen dükandan söwda etmek üçin dagyň ýokarsyna dyrmaşmaly bolýar.Bu ýerde iýmit we içgileriň birnäçe görnüşi, miwe şerbetleri, gazly suwlar we ýeňil tagamlar satylýar.Ilkibaşda bu agaç öýjagaz daga münüjileriň dynç almaklary üçin düşelge hökmünde gurlupdyr.
Soňra ony dükana öwürmek kararyna gelipdirler. Şeýlelikde bu täsin öýjagaz irden sagat 08:00-dan gije sagat 17:00-a çenli işleýän ajaýyp dükana öwrüldi.Dükan meşhur jahankeşdelik ugrunyň ýakasynda ýerleşmek bilen onuň esasy müşderileri alpinistler we töwekgelçilikli dynç alşy halaýanlardyr.
Dükanyň satyjysy öň daga münmek bilen asla meşgullanmaýardy, indi bolsa ol özüniň gündelik işi üçin daga münüjileriň enjamlaryndan peýdalanmak arkaly çykýar.Bu ýere gelýänlere suw hem mugt berilýär, emma ýanyňda gabyň bolmaly.
Hytaýyň Sinýuçžaý seýilgähindäki bu özüne çekiji dükana gelýän jahankeşdeler bu ýerden birnäçe ýadygärlik harytlary hem satyn alýarlar.Mährem BABAMYRADOWA, TMÝG-nyň Hojambaz etrap Geňeşiniň Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy. /* custom css */ .td_uid_15_6762bb7150456_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_6762bb7150456_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }