Uçurylyş yza süýşürildi

NASA “Lunar Gateway” kosmos stansiýasynyň uçurylyşyny tehniki kynçylyklar sebäpli bäş ýyl yza süýşürdi. Bu barada ABŞ-nyň hökümetiniň Ýokary gözegçilik edarasynyň täze hasabatynda mälim edilýär. Stansiýanyň ilkinji elementleri asyl meýilnamada kesgitlenenden bäş ýyl soň – 2027-nji ýylyň dekabryndan gijä galman uçurylar.

“Lunar Gateway” Aýyň töweregindäki galo-orbitada uçmak we adamlaryň Aýa barmagyna gönükdirilen “Artemis” programmasynyň möhüm bölegi bolup hyzmat etmek üçin döredilen kiçijik kosmos stansiýasydyr. “Gateway”-i 2028-nji ýylyň sentýabr aýynda meýilleşdirilýän “Artemis IV” missiýasy üçin işe girizmek göz öňünde tutulýar. Şeýle-de bolsa, stansiýany işe girizmegiň häzirki tertibi missiýany goldamak üçin zerur möhletden eýýäm üç aý yzda galýar.

Hasabatda stansiýa gözegçiligiň ýitirilmegine sebäp bolup biljek nädogry ulgam çipi bilen baglanyşykly çynlakaý tehniki kynçylyklaryň bardygy bellenilýär. Şeýle hem, “Gateway”-iň güýç we hereketlendiriji elementi “SpaceX” kompaniýasynyň has uly “Lunar Starship”-i bilen sepleşende dogry ugry saklap bilmezligi bilen bagly howplar bar.

Şeýle hem hasabatda meýilleşdirilen 15 ýyllyk ömrüni we häzirki tehniki kynçylyklary göz öňünde tutup, “Gateway”-iň Mars missiýalary üçin peýdasynyň çäklidigi görkezilýär. Umuman aýdanyňda, “Lunar Gateway” maksatnamasy möhüm wezipeleriň amala aşyrylyşyna täsirini ýetirip biljek çynlakaý töwekgelçiliklere we gijikdirmelere duçar bolýar.

Ýene degişli makalalar

Hytaý Aý maksatnamasyna 50 ýurdy çekmegi meýilleşdirýär
Nissan NASA üçin Aý ulagynyň işlenip taýýarlanyşyna ýardam berer
Guýmagursak zehini ýatlap
Supermeniň iti, Betmeniň tazysy, Wonder Women-iň kengrusy, Fleşiň pyşbagasy…
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň Milli güni mynasybetli gutlaglaryny iberdi
Serdar Berdimuhamedow Singapuryň Milli gününi gutlady