Uçarmansyz Howa Hüjüm Ulagy Ilkinji Gezek Sergilendi

Uçarmansyz Howa Hüjüm Ulagy Ilkinji Gezek Sergilendi

Baýraktar Akynjy uçarmansyz howa hüjüm ulagy TIHA, ilkinji gezek daşary ýurtda goranyş sergisinde sergilendi.

Halkara IDEX Goranyş sergisi we maslahaty Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagt Abdu Dabide geçirildi.

Sergä Türkiýeden goranyş senagaty pudagy boýunça iş alyp barýan 50-den gowrak firma gatnaşdy.

Firmalar sergide sürüjisiz gury ýer we uçarmansyz howa ulaglary, sowuty ýlaglar, ýarag ulgamlary we logistiki goldaw enjamlary ýaly öz öndüren enjamlaryny tanatdy.

Uçarmansyz howa ulaglaryny öndürýän Baýkar firmasy hem sergide Baýraktar Akynjy uçarmansyz howa hüjüm ulagy TIHA-ny tanyşdyrdy.

TIHA şeýlelikde ilkinji gezek halkara derejesinde geçirilen goranyş sergisinde sergilendi.

Ýene degişli makalalar

Türk Goranyş Firmalary IDEAS-2024-e Gatnaşýar
NATO Agza Ýurtlaryň Goranmak Ministrleri Belgiýada Jemlenşer
Türkiýe Gämi Gurluşygynda Uly Ösüş Etdi
TÜRKPA-nyň Goranyş Komissiýasynyň Maslahaty Öz Işine Başlady
Prezident Erdogan Ýaşlar Bilen Duşuşyk Geçirdi
Russiýa Britaniýanyň Harby Attaşesini Ýurtdan Çykarar
NATO Hem-de ÝB-ne Agza Ýurda Ýaragly Uçarmansyz Howa Ulagy Eksport Edildi