Uçarlarynyň sanyny 500-e ýetirer

Ýolagçylara arzan bahaly hyzmaty hödürleýän “Wizz Air” kompaniýasy täze 75 sany “Airbus” uçaryny satyn alar. Ýewropanyň öňdebaryjy awiakompaniýalarynyň biri bolan “Wizz Air” 2030-njy ýyla çenli awiaparkyndaky uçarlarynyň sanyny 500-e ýetimegi maksat edinýär.

Häzirki wagtda satyn alynmagy üçin ylalaşylan “A321neo” uçarlary 2025-2027-nji ýyllar aralygynda kompaniýa gowşurylar.Kompaniýanyň ýolbaşçysy Jozsef Waradi “Airbus A321neo” uçarlarynyň satyn alynmagy bilen 2030-njy ýyla çenli howa goýberilýän kömürturşy gazyny 25 göterime çenli azaltmagy maksat edinýändiklerini aýtdy.

Wenger kompaniýasynyň häzirki wagtda 150 uçary bar.Kompaniýanyň uçarlary dünýäniň 160-dan gowrak aeroportyna howa gatnawlaryny amala aşyrýar.

Güljan Öwezberdiýewa,S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby

Ýene degişli makalalar

Halkyň hakydasyna siňen millilik atly söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi
Körpeleriň Aşyr dädesi
Körpeleriň Aşyr dädesi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
06.03.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Bagçylyk ulgamynda güýçliler kesgitlenildi