Uçarlary elektrik energiýasy bilen işlär

Kanadanyň “Harbour Air” atly kompaniýa awiaflotundaky ähli uçarlarynyň hereketlendirijilerini elektrik energiýasy bilen işleýän motorlar bilen üýtgetmek kararyna geldi.Dünýäde deňiz uçarlary bilen işleýän iň iri kompaniýalaryň biri bolan “Harbour Air”-iň şeýle netijä gelmegi beýleki kompaniýalaryň hem elektrik energiýaly uçarlara geçmegini höweslendirer.

Kompaniýanyň “Hacilland Beaver”, “Otter”, “Twin Otter” we “Cessna Caravan” ýaly modellere degişli 41 uçary bar.Bu uçarlara elektrik energiýasy bilen işleýän motorlaryň oturdylmagy olaryň netijeliligini artdyrar hem-de tehniki ideg üçin edilýän çykdajylaryny azaldar.

Häzirki wagtda kompaniýa Sietl, Wankuwer we şol sebitlerdäki beýleki şäherleriň aralygynda ýolagçy gatnawyny amala aşyryp, her ýylda 500 müň ýolagça hyzmat edýär. Şereketiň esaslandyryjysy Greg MakDugall içinden ýanýan hereketlendirijileri mundan beýläk ösdürmegiň zerur däldigini, geljekde elektrik energiýanyň has köp peýdalanyljakdygyny aýtdy.

Kompaniýa uçarlaryny döwrebaplaşdyrmak üçin “magniX” atly şereket bilen hyzmatdaşlyk eder. “magniX” bu uçarlar üçin kuwwaty 750 at güýjüne barabar motorlary we olary energiýa bilen bir sagat üpjün etjek batareýalary öndürer. “Harbour Air”-iň ähli uçuşlarynyň 30 minutdan az bolandygy sebäpli bu hereketlendirijiler aňryýany bilen ýeterlik. Şeýle hem täze motorlaryň oturdylmagy bilen könelen uçarlar has uzak wagtlap peýdalanylar.

Uçarlaryň hereketlendirijileriniň adaty ýangyç hem-de elektrik energiýasy bilen işleýäniniň bahasynyň arasynda tapawut ýok. Üstesine elektrik energiýasy bilen işleýän uçarlar has az tehniki ideg talap edýär.Içinden ýanýan motorlar 2500-3000 sagat uçandan soňra gaýtadan abatlanmaly bolýar.

Ýene degişli makalalar

Awiasiýa pudagynyň üçünji eýýamy
Buz astyndaky köller suwuklygyny nähili saklaýarlar?
Çilim tüssesi koronawirusa ýokuşmaga kömek edýär
“Bawariýanyň” ýeňlişsiz ýörişini koreýaly Son soňlady
“Lasionyň” 4-nji, “Galatasaraýyň” 3-nji, “Mançester Ýunaýtediň” 1-nji ýeňşi