Uçarlar arkaly uçurylar

Merkezi edarasy ABŞ-nyň Alabama ştatynda ýerleşýän “Aevum” kompaniýasy kosmosa uçurylýan emeli hemralary uçarlar arkaly amala aşyrmak üçin ulgam taýýarlaýar.Space.com saýtynyň maglumatlaryna görä, şereket “Ravn” atly uçarmansyz uçary arkaly howadan kosmosa hemra uçurmagy maksat edinýär.

Bu ulgam arkaly her 3 sagatdan bir sany hemra uçurmak mümkin.Kompaniýanyň ýolbaşçysy Jeý Skaýlus uçarmansyz uçary köp gezek ulanyp boljakdygyny, emma onuň üstündäki uçuryjy raketany bir gezek ulanyp boljakdygyny belleýär.

Skaýlus bar bolan uçuryjy platformalary ýylda birnäçe gezek ulanyp bolýandygyny we onuň üçin birnäçe aýlap taýýarlyk görmelidigine ünsi çekýär.Kompaniýanyň ýolbaşçysy bu usul arkaly uçuryljak aragatnaşyk hemralarynyň dünýäniň iň çet nokatlaryny hem internet hyzmaty bilen üpjün etjekdigini aýdýar. “Aevum”-yň synagy üstünlikli amala aşyrylan ýagdaýynda howadan kosmosa hemra uçuran ilkinji kompaniýa bolar.ABŞ-nyň “Northrop Grumman” kompaniýasy mundan ozal “Pegasus” atly uçarmansyz uçarlary arkaly bu ugurda synag geçiripdi. “Stratolaunch Systems” we “Virgin Orbit” firmalary bolsa, özleriniň uçar-raketa ulgamynyň üstünde işleýändiklerini mälim edipdi.

Ýene degişli makalalar

Goranyş senagatynda dünýäde ilkinji 100 kärhananyň hataryna giren türk kärhanalaryň sany artdy
TOPH taslamasyna gatnaşýan Pakistan Orsýet bilen gaz ylalaşygyna gol çekýär
“Türkmenhowaýollary Pakistan-Hindistan konflikti zerarly, Amritsar we Deli gatnawlarynyň gijikýändigini duýdurdy
Sagatdaky tizligi 490/km