Uçarda hödür edilýän tagamlar satuwa çykaryldy

Dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar sebäpli köp ýerde uçar gatnawlary azaldyldy. Finlýandiýada bolsa, uçarda hödür edilýän tagamlar söwda merkezlerinde satuwa çykaryldy. Uçara münmegi küýsänleriň uly isleg bildirýän tagamlarynyň arasynda huruşly et, palaw we beýleki naharlar bar. Müşderileriň uly isleginden peýdalanýan bu täze hyzmat awiasiýa kompaniýalaryny nahar bilen üpjün edýän edaralarda iş orunlarynyň saklanyp galmagyna şert döretdi.

Golaýda Tailandyň Thai Airways awiakompaniýasy uçarda hödür edilýän tagamlary iýmegi küýsänler üçin ýörite restoran açypdy. Uçaryň kabinasyna meňzeş bolan restoranda myhmanlara uçarbelet lybasly oglan-gyzlaryň hyzmat etmegi ýola goýlupdy. Şeýle hem Gonkongda ýolagçylaryny diňe şäheriň üstünde guşuçar belentlikde aýlaýan uçar gatnawy ýola goýuldy.

Ýene degişli makalalar

Uçarda doglan çaga haýsy ýurduň raýaty bolar?
Uçara meňzeş howa ulagy bilen hüjüm guramak islän terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Has uzak aralyga uçar
Russiýadan Türkmenistana ýene iki sany ýörite uçar gatnawy amala aşyrylar
Gorky nädip döreýär?
Marynyň aeroportunda biletli ýolagçylaryň onlarçasy uçara goýberilmeýär