Uçarda doglan çaga haýsy ýurduň raýaty bolar?

Çaganyň uçarda dogulmagy seýrek duş gelýän wakalaryň biridir. Esasan hem, asmanda doglan bäbegiň haýsy ýurduň raýaty boljakdygy köpleriň ünsüni özüne çekýär. Howa ulagynda doglan çaganyň raýatlygy ata-enesiniň raýatlygy, çaganyň haýsy ýurduň üstünde uçup barýarka doglandygy we uçaryň haýsy ýurda degişlidigi bilen bagly kesgitlenip bilner.

Köp ýurtda raýatlyk iki esasy ýörelgä esaslanmak arkaly kesgitlenýär.Olaryň birinjisi topragyň hukugy (jus soli), ikinjisi gana bolan hukuk (jus sanguinis) bolup, uçarda doglan çaga şu ýörelgeler esasynda raýatlyk berilýär.

Jus soli ýörelgesine görä, bir ýurduň howa giňişliginde ýa-da çäginde çaga dünýä inse, şol ýurduň raýatlygyny alýar.Bu ýörelge, esasan, ABŞ we Kanada ýaly ýurtlarda ulanylýar.Eger-de howa ulagy ABŞ-nyň çäginden uçup barýarka bäbek dünýä inse, ol çaga gürrüňsiz ABŞ-nyň raýaty bolýar.

Jus sanguinis ýörelgesinde bolsa, çaganyň ata-enesiniň gelip çykyşyna baglylykda raýatlyk kesgitlenýär. Ýagny ikinji ýörelgä laýyklykda, bäbek hossarlarynyň raýatlygyny alýar.Eger-de çaganyň ata-enesiniň raýatlygy baradaky maglumatlar üýtgän bolsa, uçaryň bellige alnan ýurdunyň raýatlygyny alyp bilýär.

Mysallar we durmuş hakykatlary

Uçarda çaganyň dogulmagy durmuşda seýrek duş gelýän ýagdaý.Munuň esasy sebäbi bolsa, awiakompaniýalaryň köpüsiniň göwreli zenanlaryň uçuşyny çäklendirmegi bilen baglanyşyklydyr.Adatça, alty aýlyk göwrelilikden soň zenanlara uçara münmäge rugsat berilmeýär.

Maglumatlara salgylansak, 2019-njy ýylyň iýul aýynda Doha Beýrut aralygyndaky uçuşda bir çaga dünýä indi. 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda Stambul Çikago aralygyndaky uçuşda ýene bir çaganyň buşluk habary alyndy. Şol ýylyň awgust aýynda Dubaý Birmingem aralygyndaky howa gatnawynda ýene bir çaga dünýä indi.

Geçen ýylyň aprel aýynda hem Daşkent Stambul aralygyndaky howa gatnawynda täze doglan bäbejik baradaky habar köpçülige ýetirildi.

Bäbekler uçarda näme üçin aglaýarlar?

Howa ulagyndaky körpe ýolagçylar basyşyň üýtgemegi sebäpli kynçylyk çekip bilerler.Bu ýagdaý çaganyň hossarlarynyň keýpini gaçyryp, aljyraňňy ýagdaýa salmagy mümkin.Uçara münen çagalarda, esasan hem, bäbeklerde gulagynyň we kellesiniň agyrmagy ýaly alamatlar has köp duş gelýär.

Howa syýahaty wagtynda ýüze çykýan basyşyň ýokarlanmagy islendik ýaşdaky ýolagça täsir edýär. Şol sebäpli ýolagçylara gaty süýji berilýändigi uçara münüp görenlere mälimdir.Basyşyň üýtgemegi gulak perdeleriniň doly açylmandygy sebäpli bäbeklere has kyn düşýär. Şol sebäpli çagalar uçarda özüni biynjalyk duýup aglap başlaýarlar.

Eşidiş turbalary orta gulagy (perde) bokurdak bilen birleşdirýär.Basyş üýtgände eşidiş turbalary ýapylýar we çeýnemek ýa-da ýuwdunmak arkaly açylýar. Şol sebäpli uçara münen çagalara emzik, emzikli çüýşede suw bermek maslahat berilýär. Çeýnemek ýa-da ýuwdunmak arkaly gulak perdeleri herekete gelip, gulagyň gapylmagy, gyjynmagy we ýüregiň bulanmagy ýaly alamatlaryň öňüni alyp bolýar.

Mundan başga-da, uçarda barýan çagalara gaty süýji ýa-da lukmanyň bellän rahatlandyryjy serişdelerini berip bilersiňiz.

Ýene degişli makalalar

Tehnologiýa ýatkeşlige zyýanlymy?
Has uzak aralyga uçar
Russiýadan Türkmenistana ýene iki sany ýörite uçar gatnawy amala aşyrylar
Gorky nädip döreýär?
Uçarda hödür edilýän tagamlar satuwa çykaryldy
Marynyň aeroportunda biletli ýolagçylaryň onlarçasy uçara goýberilmeýär