“Uçar Bombalarymyz, Ok-därimiz, Raketalarymyz we Harby Enjamlarymyz Üçin Hiç Kime Garaşly Bolmarys”

“Uçar Bombalarymyz, Ok-därimiz, Raketalarymyz we Harby Enjamlarymyz Üçin Hiç Kime Garaşly Bolmarys”

Prezident R.T.Erdogan Maşyn gurluşygy we himiýa senagaty guramasynyň “Barutsan” Raketa we Partlaýyjy Fabriginde” Energetiki enjamlary öndürýän desganyň açylyş çäresine we önüm tanyşdyryş dabarasyna gatnaşdy.

Erdogan “Energetiki enjamlary öndürýän desganyň saýasynda ýurdumyz döwrebap partlaýyjy önümçilik ukyby boýunça ýokary liga çykdyk. Daşary ýurtlardan alynýan modulýar däri ulgamy indi dolulygyna ýerli şertlerde öndüriler” diýdi.

Erdogan: “Maşyn gurluşygy we himiýa senagaty guramamyzyň hususy pudak bilen ýakyn hyzmatdaşlyk etmegi netijesinde harby goşunymyzyň ähli isleglerini kanagatlandyryp, daşarky garaşlylygy ortadan aýyrjak, biziň bilen bilelikde dostlarymyzy hem goldajak derejä göterilmek isleýäris” diýdi.

Erdogan soň bolsa 4-nji Diwiziýanyň serkerdeligine baryp gördi we agzaçarda esgerler bilen duşuşdy.

Agzaçara Milli goranmak ministri Hulusi Akar hem gatnaşdy.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyl, Beýrudyň Günortasyny Bombalamaga Dowam Edýär
Ysraýylyň Gazany Bombalamaga Dowam Edýär
Somalide Bombanyň Ýarylmagy Sebäpli 1-i Türk 2 Adam Ýogaldy
Ysraýyl 181 Günden Bäri Gazany Bombalaýar
Ysraýyl 176 Günden Bäri Gazany Bombalaýar
Ysraýyl 170 Günden Bäri Gazany Bombalaýar
Nigeriýada Guralan Ýaragly Hüjümde 16 Esger Ýogaldy