Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň iri syýahatçylyk kompaniýasy “Expedia”-nyň başlygy Dara Hosrowşahi “Uber” şereketiniň ýolbaşçysy wezipesine bellendi.Mundan ozal, tutuş dünýäde uly meşhurlykdan peýdalanýan onlaýn (internet arkaly) taksi hyzmatlaryny amala aşyrýan “Uber” kompaniýasyna Trewis Kalanik başlyklyk edýärdi.
Onuň wezipesini tabşyrmagy bilen, bu iri kompaniýanyň ýolbaşçylygyna birnäçe adam dalaş etdi. Şereketiň ýolbaşçy düzümi dalaşgärleriň arasyndan “Expedia” syýahatçylyk firmasynyň ýolbaşçysyny bu wezipä mynasyp gördi.Trewis Kalanik we işewür Gerret Kempom 2009-njy ýylda “Uber” kompaniýasyny döredipdi.
Edara binasy San-Fransiskoda ýerleşýän kompaniýanyň ýolbaşçysy iýun aýynda wezipesini tabşyrdy.“Uber” kompaniýasy dünýäniň 80-den gowrak ýurdunyň 500 iri şäherinde taksi hyzmatyny amala aşyrýar.Adamlar öz ykjam telefony arkaly taksi sargyt edip bilýärler.
Häzirki wagtda bu kompaniýa öz hyzmaty boýunça uly meşhurlyga eýedir we maýadarlaryň hem ünsüni çekýär.Onuň hyzmatynyň geriminiň giňeldilmegi üçin dürli iri kompaniýalar maýa goýýarlar.Dünýäniň dürli şäherlerinde kompaniýanyň 1 milliondan gowrak ulagy hyzmat edýär.