Uber taksi agregatory 2030-njy ýyldan başlap içinden ýandyrylýan hereketlendirijili awtoulaglaryň sürüjilerini özüniň ABŞ-daky, Kanadadaky we Ýewropadaky hyzmatlaryna goşmagy bes eder. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Dara Hosrowşahi mälim etdi diýip, CBS News habar berýär.
Şonuň bilen birlikde, Uber elektrokara geçmek kararyna gelen sürüjiler üçin ýeňillikleri girizmegi meýilleşdirýär.Häzirki wagtda hyzmata birikdirilen takmynan million awtoulagdan batareýa bilen işleýäni bary-ýogy 25 müň.Uber taksiçilerde içinden ýandyrylýan hereketlendirijili awtoulaglardan ýüz öwürmäge höwes döretmekçi bolýar.
Indiki ýyl eýýäm elektrokarlaryň sany iki esse köpelmeli.Mysal üçin, elektrokarlaryň maksatnama gatnaşýan eýeleri içinden ýandyrylýan hereketlendirijili awtoulaglaryň sürüjilerine garanda köp aýlyk alýar, şeýle hem zarýad beriji beketlerde arzanladyşlardan peýdalanýarlar.
Uberiň hyzmaty taksileriň eýelerine elektrokarlary saýlamalymy ýa däp bolan hereketlendirijili awtoulaglary — seljermäge mümkinçilik döretdi.Uber-iň we Hertz kärende şereketiniň arasynda Hertz-den kärendesine alnan elektrokarlardan peýdalanyp görmäge mümkinçilik berýän ylalaşyk hereket edýär.
Kanal Tesladan Toyota Camry-a geçip, düşewündi iki esse köpelen, şeýle-de benziniň bahasynyň gymmatlaýşyna üns bermegini bes eden sürüjileriň birini mysal getirýär.Galyberse-de, Uber elektrokara geçmegi karar eden sürüjileriň çykdajylarynyň öwezini dolmak üçin 800 million dollar möçberinde serişde goýberer.