Tywa Türkçesi

Tywa Türkçesi

Türk Diliniň Jadyly dünýäsi atly gepleşigimiziň 18-nji bölümi bilen biz ýene-de siziň bilen birlikde.Gepleşigimiziň öňki bölüminde türk dialektleriniň giňden ýaýran ýurtlarynyň biri bolan Hytaý Halk Respublikasynyň serhetleriniň çäginde barlygyny dowam etdirýän Sary Uýgur türkleri, Sary Uýgur türkleriniň ýaşaýan ýerleri we Sary Uýgur türkçesi barada gürrüň beripdik.

Gepleşigimiziň şu günki bölüminde bolsa, tapawutly jemagatlar we tapawutly alymlar tarapyndan tapawutly atlar bilen atlandyrylan, emma özlerini Tywa, Tywa kiji diýip atlandyrýan tywa türkleri, tywa türkleriniň ýaşaýan ýerleri we tywa türkçesi barada gürrüň bereris.

Häzirki wagtda özlerini Tywa ýa-da Tywa kiji hökmünde atlandyrýan Tywa türkleri, taryh boýunça dürli çeşmelerde tapawutly atlar bilen ýatlanyp geçilipdir. Köplenç Soýon we Soýot görnüşinde atlandyrylýan Tywa türkleri taryhçy Reşidüddinde Urýanhit, Fişeriň taryhynda Saýan tatarlary, dilçi Adelungyň eserinde Sagan tatarlary, 19-njy asyryň Günbatar çeşmelerinde "die Soýoten" ýagny "Soýotlar", mongollaryň we mançurlaryň taryhy resminamalarynda Urýanhaý görnüşinde geçipdir.

Tywa türkleri esasan hem Russiýa Federasiýasynyň çäklerinde ýerleşýän we paýtagty Kyzyl şäheri bolan Tywa Respublikasynda ýaşaýarlar. Şeýle hem Hytaýda we Mongoliýada Tywa türkçesiniň tapawutly şiwelerinde gepleşýän tywa toparlary ýaşaýar. Öz respublikasyndan daşarda ýaşaýan tywa türkleri üçin şu günki günde ýaşaýan döwletleriniň içindäki sebitler bilen baglanyşykly atlar bilen ýüzlenilýär.

Mysal üçin, Mongoliýanyň Tsengel sebitinde ýaşaýan tywa türklerine Tsengel tywalary, Hubsugul sebitinde ýaşaýanlara Duha, Howd sebitindäkilere Kobdo; Hytaýdaky tywalara jungarlar we gazaklar tarapyndan Kök - Monçaklar diýilýär.

Taryhy çeşmelerde tywa türkleriniň gelip çykyşy we etniki emele gelişi barada birnäçe taryhy maglumat bar.Olaryň birine görä, tywa türkleri b.e.soňky. 5-nji asyrda Ýenisey derýasynyň ýokary böleginde, häzirki uýgur we gyrgyz türkleriniň ata-babalary bilen goňşy bolup ýaşapdyrlar.

Olaryň atlary bolsa, ilkinji gezek 6-njy asyra degişli taryhy Hytaý ýyllyklarynda Dubolar ýagny Tubalar diýip ýazylypdyr, etniki emele gelişinde samodi, ket we mongol elementleriniň täsiri bardyr diýlip aýdylýar.

Taryhyda Hunlar, Göktürkler, Uýgurlar, Gyrgyzlar we Mongollaryň döwletleriniň düzüminde bolan sebitde 1921-nji ýylda Tywa Arat Respublikasy ýagnyTywa Halk Respublikasyyglan edildi.Häzirki Tywa Respublikasynda 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndaky statistiki maglumatlara görä 337 300 adam ýaşaýar. Şol ilatyň 88,66 göterimi Tywa türklerinden emele gelýär.

Tywa türkleri, Sibir türk halklarynyň arasynda ýerli halkyň öz respublikasynda iň ýokary ilat derejesine eýe bolmagy bilen ünsleri özüne çekýär.

Tywa türkleri Şamanizm, Lamaizm we Hristian dinlerine ynanyarlar.

Türk ýazuw diliniň ilkinji gezek emele gelen topraklarda gepleşilýän we köne türk diline ýakynlygy bilen hem ünsleri özüne çekýän tywa türkçesi, türk dialektleriniň geografiki we lingwistiki esaslara görä klassifiksiýasynda Demirgazyk-gündogar ýa-da Sibir toparynyň düzümindedir.

1930-njy ýylda Latyn elipbiýi esasynda taýýarlanan Tywa elipbiýini ulanan Tywa türkleri, 1941-nji ýylda Kril elipbiýniň esasynda düzülen Tywa elipbiýini ulanmaga başldyrlar. Şonuň netijesinde Tywa türkçesi häzirki wagtda hem ýazuw hem-de gepleşme görnüşinde öz barlygyny dowam etdirýär.

Hatda Tywa türkçesi häzirki wagtda resminamalarda, dürli jemgyýetçilik-syýasy çärelerde, bilim-ylym dili hökmünde ulanylýar. Şol bir wagtyň özünde Tywa türkçesinde köp sanly edebi eserler ýazylýar, köp sanly gazet we žurnallar çap edilýär, şeýle hem radio we telewideniýe gepleşikleri hem bar.

Tywalar öz ene dillerini umuman alnanda gorap saklaýarlar.Nesilleriň arasynda esasy aragatnaşyk dili tywa türkçesidir.Tywa türkçesi - Rusça iki dillilik bolsa esasan hem şäherlerde bar.Iki dillilerde-de birinji dil ýene-de tywa türkçesi bolup durýar. Şonuň üçin hem tywa türkçesi, ÝUNESCO-nyň 2010-njy ýylda çap eden “Howp astyndaky Dilleriň Gyzyl Kitabynda” “Howp astynda bolmadyk diller” toparyna goşuldy.

Prof.Dr. Gülsüm Killi Ýylmazyň goşandy bilen Dr. Saida Bukrhanidinowa tarapyndan taýarlanan Tywa türkleri, tywa türkleriniň ýaşaýan ýerleri we tywa türkçesine bölüp aýyran gepleşigimiziň şu günki bölümini tamamlaýarys. Nobatdaky bölümde türk dialektiniň gepleşilýän tapawutly geografiýada duşuşarys.

Ýene degişli makalalar

Fuýu Türkçesi
Saha Türkçesi - 1
Uýgur Türkçesi
Sary Uýgur Türkçesi
Uýgur Türkçesi - 2
Salyr Türkçesi