TÝL. Transfer: "Ahalyň" 5-nji we 6-njy transferleri

TÝL. Transfer: "Ahalyň" 5-nji we 6-njy transferleri

Türkmennebitönümleri baş müdirliginiň Ahal futbol topary ýene-de iki oýunçyny düzümine goşdy. Topar bu barada jemgyýetçilik torlaryndaky hasaby arkaly habar berdi.

Çeşmäniň ýazyşy ýaly, Ahal Ýagşysähet Döwletgeldiýew we Şyhdurdy Amandurdyýew bilen şertnama baglaşdy. Marynyň Merw toparyndan gelip goşulan Ýagşysähet Döwletgeldiýew geçen ýyl Türkmenistanyň çempionatynda bir gezek tapawutlandy.

21 ýaşly Şyhdurdy Amandurdyýew bolsa mundan ozal Türkmenbaşy şäheriniň Şagadam futbol toparynda çykyş etdi. Ahalyň gyşky transfer penjiresinde, esasan, ýaş oýunçylary düzümine goşmaga üns berýändigini ýatladýarys. Bu ýagdaý baş tälimçi Serdar Geldiýewiň, täze, ýaş we has hyjuwly topar düzmek isleginden gözbaş alýar.

Toparyň mundan ozal Ilýas Çaryýew, Akmämmet Metdäýew, Igor Sekow we Azizbek Bekçanow dagylary düzümine goşandygyny ýatladýarys.

Çeşme: Janköýer

Ýene degişli makalalar

Ahal Köpetdag bilen Nebitçiden ýene iki futbolçyny düzümine goşdy
TÝL ― 2023: Aşgabady ýeňen Nebitçi Ahal bilen aralygy 5 utuga çykardy
TÝL ― 2023: Nebitçi bürünç medalyň eýesi boldy
TÝL ― 2023: Satlykow bilen başlanan şowsuzlyk Tagaýew bilen tamamlandy
TÝL ― 2023: möwsümiň 43 goly 11 metrlik jerime urgusyndan geçirildi
Ahalyň gyşky okuw-türgenleşik ýygnanyşygyndaky soňky garşydaşy belli boldy