TÝL ― 2024: ýaryş tertibi, 19-njy tapgyryň geçiriliş tertibi

TÝL ― 2024: ýaryş tertibi, 19-njy tapgyryň geçiriliş tertibi

Ýene iki günden ― 16-njy awgustda Türkmenistanyň milli futbol çempionatynyň üçünji aýlawyna badalga berler. Ozal hem habar berşimiz ýaly, möwsümiň öňdäki iki aýlawy 8 topar bilen dowam eder. Ilkinji iki aýlawda ýaryşyň içinde bolan Marynyň Energetik topary öz islegi bilen ýaryşdan çekildi.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy üçünji aýlawyň öňüsyrasynda resmi web saýtyndaky ýaryş tertibini täzeledi. Onda Energetigiň ýokdugy aýratyn göze ilýär. Yzda galan 16 duşuşykda 48 utuk toplan Arkadag futbol topary ýaryşyň başyny çekýär. 37 utukly Altyn asyr ikinji, 34 utukly Ahal üçünji orunda.

Üçünji aýlawyň ilkinji duşuşygy 16-njy awgust güni Ahal we Aşgabat toparlarynyň arasynda geçiriler. 17-nji awgustda bolsa Arkadag topary Şagadamy. Nebitçi Köpetdagy kabul eder. Tapgyrdaky Altyn asyr ― Merw duşuşygy aragatnaşykçylaryň şu gün AFK-nyň Çempionlar ligasy ― 2-niň saýlama duşuşygyna gatnaşýandygy sebäpli başga bir güne süýşürildi.

Türkmenistanyň futbol çempionatynda 19-njy tapgyryň duşuşyklary:

16-njy awgust: Ahal ― Aşgabat;

17-nji awgust: Arkadag ― Şagadam;

17-nji awgust: Nebitçi ― Köpetdag.

Ýene degişli makalalar

TÝL ― 2024: Arkadag toparynyň ýeňşi, Balkanabatdaky deňlik
TÝL ― 2024: Ahal Aşgabady uly hasap bilen ýeňdi
TÝL ― 2024: 19-njy tapgyryň duşuşyklary geçiriler
TÝL. Merdan Saparow karýerasyny tamamlady
TÝL ― 2023: Satlykow bilen başlanan şowsuzlyk Tagaýew bilen tamamlandy
TÝL ― 2023: iň kän we iň az golly tapgyrlar