TÝL ― 2024: Arkadag toparynyň ýeňşi, Balkanabatdaky deňlik

TÝL ― 2024: Arkadag toparynyň ýeňşi, Balkanabatdaky deňlik

17-nji awgustda "Arkadag" we "Şagadam" toparlarynyň arasynda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynyň 19-njy tapgyrynyň duşuşygy geçirildi. Aşgabatdaky "Nusaý" stadionynda geçen duşuşyk "Arkadag" futbol toparynyň 5:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Tapgyryň "Nebitçi" bilen "Köpetdagyň" arasynda geçen beýleki bir duşuşygynda 1:1 hasabyndaky deňlik hasaba alyndy. Bu barada TFF-niň resmi saýty habar berýär.

Tapgyrdaky "Altyn asyr" bilen "Merwiň" arasyndaky duşuşygyň "aragatnaşykçylaryň" AFK-nyň Çempionlar ligasy-2-niň saýlama tapgyryna gatnaşmak üçin Hindistana gidendigi sebäpli, ätiýaçlykdaky günleriň birine geçirilendigini ýatladýarys.

Yzda galan 19-njy tapgyrdan soňra, 17 duşuşyk geçirip, şolaryň ählisinde-de ýeňiş gazanan "Arkadag" futbol topary 51 utuk bilen ýaryş tertibiniň başyny çekýär.Möwsümiň duşuşyklarynda garşydaş derwezelere 83 gol geçirip, öz derwezesinde bary-ýogy 9 gol gören "Arkadag" futbol topary ýaryş tertibindäki iň ýakyn garşydaşyndan 14 utuk ara açyp, eýýäm nobatdaky çempionlygyna ýakynlaşdy. "Ahal" toplan 37 utugy bilen "Altyn asyryň" 2-nji ornuna şärik boldy, ýöne "Ahalyň" "aragatnaşykçylardan" 1 oýny kän.

TÝL ― 2024. 19-njy tapgyryň duşuşyklarynyň netijeleri: 17.08.2024 ý.

Arkadag ― Şagadam ― 5:1.

[0:1] 23' Hydyrgeldi Atadjanow [1:1] 31' Didar Durdyýew (11m.j.u) [2:1] 45' Altymyrat Annadurdyýew [3:1] 60' Şanazar Tirkişow [4:1] 66' Arslanmyrat Amanow [5:1] 85' Mirza Beknazarow

Nebitçi ― Köpetdag ― 1:1.

[0:1] 30' Jumamyrat Jumaýew

[1:1] 52' Döwran Berdiýew

Ýene degişli makalalar

TÝL — 2023: Aşgabat bilen Şagadam deňme-deň oýnady
TÝL ― 2023: üç günde iki duşuşyk geçiriler
TÝL ― 2023: Arkadag topary resmi duşuşyklarda geçiren gollarynyň sanyny 80-e çykardy
TÝL ― 2023: Tirkişow 20-nji goluny geçirdi
TÝL ― 2023: Arkadag topary ilkinji çempionlygyndan soň Aşgabady uly hasap bilen ýeňdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda