TÝL ― 2024: Ahal Aşgabady uly hasap bilen ýeňdi

TÝL ― 2024: Ahal Aşgabady uly hasap bilen ýeňdi

Ahal futbol topary Türkmenistanyň çempionatynyň Ýokary ligasynyň üçünji aýlawyna ýeňiş bilen başlady. Topar 19-njy tapgyryň çäginde şu gün paýtagtymyzdaky Nusaý stadionynda geçirilen duşuşykda Aşgabady 3:0 hasabynda ýeňdi. Bu barada TFF resmi saýtynda habar berýär.

Duşuşykda Ahalyň gollaryny Meýlis Diniýew, Elman Tagaýew we Hakmuhammet Bäşimow dagylar geçirdiler.

Bu ýeňişden soň Ahal utugyny 37-ä çykaryp, ikinji orundaky Altyn asyr bilen deňleşdi. AFK-nyň Çempionlar ligasy ― 2-niň saýlama duşuşygyna gatnaşmak üçin Hindistana gidendigi sebäpli, Altyn Asyryň 19-njy tapgyrda Merw bilen geçirilmeli duşuşygynyň başga güne süýşürilendigini ýatladýarys.

16 utukly Aşgabat bolsa ýaryş tertibiniň altynjy basgançagynda galdy.

Ertir, 17-nji awgustda 19-njy tapgyryň ýene-de iki duşuşygy geçiriler. Olarda Arkadag Şagadamy, Nebitçi bolsa Köpetdagy kabul eder.

Ýene degişli makalalar

TÝL - 2023: möwsüm "Ahalyň" ýeňşi bilen tamamlandy
TÝL ― 2023: möwsümiň 43 goly 11 metrlik jerime urgusyndan geçirildi
TÝL ― 2023: Didar Durdyýew bassyr iki ýyl bäri iň netijeli futbolçy boldy
TÝL ― 2023: Satlykow bilen başlanan şowsuzlyk Tagaýew bilen tamamlandy
TFÇ ― 2024: Ahal Altyn asyr bilen duşuşykdaky üstünligini gorap bilmedi
AÇL. Pahtakor — Ahal oýnunyň esasy düzümleri belli boldy