TÝL ― 2024: 19-njy tapgyryň duşuşyklary geçiriler

TÝL ― 2024: 19-njy tapgyryň duşuşyklary geçiriler

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy resmi web saýtynda milli çempionatyň Ýokary ligasynyň 19-njy tapgyrynyň duşuşyklary barada maglumatlary paýlaşdy. Ozal hem habar berşimiz ýaly, tapgyrda Ahal Aşgabady, ARKADAG topary Şagadamy, Nebitçi bolsa Köpetdagy kabul eder. Altyn asyr bilen Merwiň arasyndaky duşuşyk bolsa başga bir güne geçirildi. Tapgyryň ilkinji duşuşygy ertir ― 16-njy awgustda geçiriler.

Aşakda tapgyryň duşuşyklarynyň geçiriljek ýerleri, başlanjak wagty we eminleri barada maglumatlary paýlaşýarys:

“Ahal” “Aşgabat”

Geçirilýän ýeri: “Nusaý” (Aşgabat ş.)

Başlanýan wagty: 17:30

Duşuşygyň emini: B.Haknazarow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: Ş.Hydyrow (Balkanabat ş.), H.Abdiýazow (Daşoguz ş.)

Ätiýaçdaky emin: A.Weliýew (Änew ş.)

Gözegçi emin: R.Pälwanow (Daşoguz ş.)

17.08.2024 ý. (şenbe)

“ARKADAG” “Şagadam”

Geçirilýän ýeri: “Nusaý” (Aşgabat ş.)

Başlanýan wagty: 17:30

Duşuşygyň emini: R.Ereşow (Türkmenabat ş.)

Kömekçi eminler: M.Şanazarow (Ýolöten ş.), K.Sapaýew (Daşoguz ş.)

Ätiýaçdaky emin: E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: G.Öwezow (Aşgabat ş.)

“Nebitçi” “Köpetdag”

Geçirilýän ýeri: “Sport toplumy” (Balkanabat ş.)

Başlanýan wagty: 18:00

Duşuşygyň emini: J.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: I.Kurambaýew (Daşoguz ş.), M.Nurberdiýew (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: A.Annamyradow (Balkanabat ş.)

Gözegçi emin: A.Sapaýew (Daşoguz ş.).

Ýene degişli makalalar

TÝL ― 2023: iki tapgyryň çäginde üç duşuşyk geçiriler
TÝL ― 2023: 25-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler
TÝL ― 2023: Merwi ýeňen Ahal üçünji orun bilen aralygy 2 utuga çenli ýygyrdy
TÝL - 2023: möwsüm "Ahalyň" ýeňşi bilen tamamlandy
TÝL — 2023: Energetik ýene bir duşuşygyny öňünden geçirmeli bolar
Türkmenistanyň futbol çempionatynda ikinji aýlawa badalga berilýär