
Türkmenistanyň Futbol federasiýasy resmi saýtynda Ýokary liganyň 17-nji we 18-nji tapgyryndaky iki duşuşygyň geçiriljek günleri barada habar berdi.
Çeşmäniň ýazmagyna görä, 17-nji tapgyrdaky Nebitçi ― Köpetdag duşuşygy şu gün ― 29-njy sentýabrda geçiriler. Balkanabat şäherindäki 10 müň orunlyk sport toplumynda geçirilmegi meýilleşdirilýän duşuşyk öýlän sagat 17-de başlanar. Paýtagtly Akmyrat Gurbanow bu duşuşygyň emini bolar. Oňa daşoguzly H.Abdyýazow bilen maryly M.Şanazarow kömek berer.
18-nji tapgyryň çägindäki Merw ― Altyn asyr duşuşygy bolsa 1-nji oktýabrda geçiriler. Bu duşuşygy Mary şäherindäki 10 müň orunlyk sport toplumynda geçirmek we ony sagat 16-da başlamak meýilleşdirilýär.
Paýtagtly Jumamyrat Jumamyradow duşuşygyň baş emini bolar.