21 futbolçynyň 43 penalti goluny geçiren möwsüminde 6 futbolçy bu mümkinçilikden dürs peýdalanyp bilmedi. Olaryň sanawynda Aşgabat we Ahal toparlaryna degişli futbolçylaryň agdyklyk edýändigi aýratyn göze ilýär.
Şeýle şowsuzlyga möwsümde ilkinji gezek 6-njy tapgyrda Aşgabadyň futbolçysy Baýjan Satlykow uçrady. Üç tapgyrdan soňra Nebitçiniň möwsümdäki iň netijeli futbolçylarynyň biri bolan Akmämmet Metdäýewiň synanyşygy hem şowsuz tamamlandy.
Aşgabadyň futbolçylary Söhbet Allanurow bilen Begmyrat Arbatow 13-nji we 15-nji tapgyrlarda bu utgulary nätakyk ýerine ýetirip, topardaşlaryny we janköýerlerini gynandyrdylar. 24-nji tapgyra çenli penalti meselesinde ýalňyşsyz gelen Ahal şol tapgyrda Gurban Annaýewiň ulanan jerime urgusynda büdredi.
Gyzykly tarapy şeýle ýagdaý möwsümiň iň soňky duşuşygynda hem ýüze çykdy. Türkmenbaşy şäherinde ýerli Şagadamy 3:1 hasabynda utan Ahal dördünji goluny geçirmek mümkinçiligini kapitan Elman Tagaýewiň şowsuzlygyndan soň ýitirdi. Şol duşuşykdan bary-ýogy birnäçe gün möwsümiň Iň ökde futbolçysy diýlip yglan edilen Elman üçin bu ýalňyşlyk, elbetde, azajyk gynanç bagyşlady.