
Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 17-nji tapgyrynyň wagty süýşürilen duşuşygy geçirilip, onda Nebitçi hem-de Köpetdag güýç synanyşdylar.
Bu duşuşykda Nebitçi topary garşydaşyndan 2:1 hasabynda üstün çykdy.
Gazanan bu ýeňşinden soň 28 utuk toplan Nebitçi topary ýaryş tertibinde üçünji orny eýelemegini dowam edýär. 17 utugy bolan Köpetdag topary bäşinji orny eýeleýär.
17-njy tapgyryň wagty süýşürilen duşuşygy:
Nebitçi ― Köpetdag 2:1
Gollar: 51 Magtymberdi Berenow, 90+1 Döwran Berdiýew 3 Azizbek Begjanow.
Bellik: 69-njy minutda Elýas Akyýew (Nebitçi) 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetirip bilmedi.
Çempionatyň tablisasy: