Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 29-njy dekabrda tamamlanan möwsüminde jemi 21 futbolçy 11 metrlik jerime urgusyndan dürs peýdalandy. Olaryň hatarynda Arkadag toparynyň 5, Nebitçiniň 4, Ahalyň 3, Köpetdagyň, Aşgabadyň, Altyn asyryň we Şagadamyň her haýsynyň 2, Merwiň bolsa 1 futbolçysy bar. Tamamlanan möwsümde Energetik futbol toparynyň haýryna bir gezek hem 11 metrlik jerime urgusy bellenilmedi.
Möwsümiň jerimeçileriniň başyny Arkadag futbol toparynyň hüjümçisi Didar Durdyýew çekýär. Ol çempionatyň geçen möwsümindäki 27 golunyň 7-sini jerime urgularyndan geçirdi. Bu sanawyň ikinji ornunda 5 sany dürs jerime bilen Myrat Annaýew (Altyn asyr), üçünji ornunda bolsa 4 sany dürs ugry bilen Söhbet Allanurow (Aşgabat), Elman Tagaýew (Ahal) bar.
Şeýle hem möwsümde Arkadag toparyndan Begmyrat Baýow 3, Nebitçiden Daýanç Orazgulyýew, Akmämmet Metdäýew we Magtymberdi Berenow, Arkadag toparyndan Arslanmyrat Amanow 2 gezek 11 metrlik jerime urgularyndan dürs peýdalanan oýunçylar boldular.
Şeýle başarnygy bir gezek görkezenleriň sanawynda bolsa Köpetdagdan Şiri Annaýew, Öwezbaý Muhammetmyradow, Nebitçiden Arslangylyç Nazgylyjow, Aşgabatdan Şatlyk Gurbanow, Merwden Myrat Ýagşyýew, Arkadag toparyndan Altymyrat Annadurdyýew bilen Begenç Akmämmedow, Şagadamdan Pirmyrat Sultanow bilen Mekan Aşyrow, Ahaldan Gurban Annaýew bilen Şöhrat Söýünow, Altyn asyrdan bolsa Ahmet Ataýew bar.
21 futbolçy bilelikde 11 metrlik jerime urgusyndan 43 gol geçirdiler.