
Arkadag futbol toparynyň oýunçysy Begenç Akmämmedow Ýokary ligada geçiren gollarynyň sanyny 60-a tegeledi. Şeýlelikde, ol Türkmenistanyň çempionatynda 2012-nji ýyldan bäri 60 gol geçirip bilen 14-nji futbolçy boldy.
Begenç Akmämmedow bu gollaryň 11-sini Altyn asyryň, 12-sini Ahalyň, 6-syny Hazynanyň, 26-syny Köpetdagyň, 5-sini bolsa Arkadag toparynyň düzüminde geçirdi.
Gaýtadan döredilen Köpetdagda 26 golluk rekordyny heniz hem elinde saklaýan Begenç Akmämmedow Altyn asyryň golçularynyň ilkinji 20-ligine, Ahalda ilkinji 15-lige, Ýokary ligada bir möwsüm çykyş eden Hazynada ilkinji 3-lige, Arkadag toparynda bolsa ilkinji 5-lige girýär.