TÝL ― 2023: Arkadag topary resmi duşuşyklarda geçiren gollarynyň sanyny 80-e çykardy

TÝL ― 2023: Arkadag topary resmi duşuşyklarda geçiren gollarynyň sanyny 80-e çykardy

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 20-nji tapgyrynda Şagadamy 3:2 hasabynda ýeňen Arkadag futbol topary ähli resmi ýaryşlardaky 80-nji goluny geçirdi. Duşuşykda hüjümçi Didar Durdyýewiň 11 metrlik jerime urgusyndan geçiren goly Arkadagyň resmi duşuşyklardaky 80-nji goly boldy.

22 duşuşykda garşydaş derwezelere 81 gol geçirip bilen topar öz derwezesinde bary-ýogy 17 gol gördi.

Geçirilen gollaryň 28-sini Didar Durdyýew, 10-syny Bagmyrat Baýow, 7-sini bolsa Şanazar Tirkişow dagylar öz adyna ýazdyrdy. Şeýle hem möwsümde toparyň futbolçylarynyň dördüsi 4, üçüsi 3, ikisi 2, ýedisi bolsa bir gezekden tapawutlandylar. 81 golda jemi 19 futbolçynyň ady bar

Arkadag futbol toparynyň ähli resmi ýaryşlarda tapawutlanan oýunçylary:

Ýene degişli makalalar

TÝL ― 2024: Arkadag toparynyň ýeňşi, Balkanabatdaky deňlik
TÝL ― 2023: Arkadag topary ilkinji çempionlygyndan soň Aşgabady uly hasap bilen ýeňdi
TÝL ― 2023: Tirkişow 20-nji goluny geçirdi
Türkmen futboly ― 2023: möwsümiň iň gowulary yglan edildi
DÇ-2026-nyň saýlamasynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň Özbegistana we Gonkonga garşy oýunlar üçin giňeldilen düzümi belli boldy
Roman Galkin Arkadag toparynyň resmi duşuşyklarynda tapawutlanan 20-nji futbolçy boldy