TÝL ― 2023: Arkadag topary ilkinji çempionlygyndan soň Aşgabady uly hasap bilen ýeňdi

TÝL ― 2023: Arkadag topary ilkinji çempionlygyndan soň Aşgabady uly hasap bilen ýeňdi

Ilkinji möwsümindäki çempionlygyny geçen tapgyrda yglan eden Arkadag şäheriniň adybir futbol topary çempionlykdan soň hem badyny gowşadanok. Ýakynda türkmen futbolynyň ady rowaýata öwrülen wekili Wladimir Baýramow bilen işleşip başlan topar 27-nji tapgyryň wagty süýşürilen duşuşygynda Aşgabady myhmançylykda 4:1 hasabynda ýeňdi.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynyň habar berşi ýaly, duşuşykda ýeňiji toparyň gollaryny 47-nji minutda Abdy Bäşimow, 50-nji minutda Didar Durdyýew, 63-nji we 65-nji minutlarda bolsa Şanazar Tirkişow geçirdi. Eýýäm 7-nji minutda Hojanazar Gurbanowyň tapawutlanmagynda çempionyň derwezesinden pökgi geçiren ýer eýeleri bolsa bu goluň soňuny getirip bilmediler.

Möwsümdäki 21-nji duşuşygynda 21-nji ýeňşini gazanan Arkadag futbol topary 63 utuk bilen ýaryş tertibiniň başyny çekýär. 23 duşuşykda 30 utuk toplap bilen Aşgabat bolsa dördünji orunda galdy.

Ýene degişli makalalar

TÝL ― 2024: Arkadag toparynyň ýeňşi, Balkanabatdaky deňlik
TÝL ― 2023: Arkadag topary resmi duşuşyklarda geçiren gollarynyň sanyny 80-e çykardy
TÝL ― 2023: Tirkişow 20-nji goluny geçirdi
Türkmen futboly ― 2023: möwsümiň iň gowulary yglan edildi
Arkadag futbol topary Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp boldy
Roman Galkin Arkadag toparynyň resmi duşuşyklarynda tapawutlanan 20-nji futbolçy boldy