TÝL ― 2023: Arkadag futbol topary Ýokary liganyň taryhynda çykyş eden toparlaryň arasynda ornuny barha beýgeldýär

TÝL ― 2023: Arkadag futbol topary Ýokary liganyň taryhynda çykyş eden toparlaryň arasynda ornuny barha beýgeldýär

Arkadag futbol topary Ýokary ligada bary-ýogy 4 duşuşyk geçiren hem bolsa, ol toplan utuklary bilen milli çempionatyň taryhynda çykyş eden toparlaryň arasyndaky ornuny barha beýgeldýär.

4 duşuşykda 12 utuk toplap bilen Arkadag futbol topary taryhda Ýokary ligada çykyş eden 34 toparyň arasynda eýýäm üç topary yzda galdyryp, 31-nji orna göterildi. Has takygy, Seýdi şäheriniň Jeýhun, Gyzylarbat etrabynyň Arkaç we Baýramaly şäheriniň Umyt futbol toparlary Ýokary ligada çykyş eden ýyllarynda Arkadag futbol toparynyň toplan utugynda hem az utuga eýe bolupdylar.

Eger täze topar ýene bir ýeňiş gazansa, 29-njy orna göteriler. Çünki bu orundaky Daşoguz şäheriniň Zarýa futbol topary 14, 30-njy orundaky Tejen şäheriniň Bereket topary bolsa 13 utuk toplap bilipdi.

Ýeri gelende aýtsak, sanawyň başyny 1491 utuk bilen Balkanabat şäheriniň Nebitçi futbol topary çekýär. Eger nebitçiler möwsümde häzirki badyny dowam etseler, milli çempionatda 1,5 müň utuk toplan ilkinji topar hökmünde taryha girerler.

Ýene degişli makalalar

TÝL ― 2024: Arkadag toparynyň ýeňşi, Balkanabatdaky deňlik
TÝL ― 2024: ýaryş tertibi, 19-njy tapgyryň geçiriliş tertibi
TÝL ― 2024: Ahal Aşgabady uly hasap bilen ýeňdi
TÝL ― 2024: 19-njy tapgyryň duşuşyklary geçiriler
Köpetdag myhmançylykda Merwden asgyn geldi
TÝL ― 2023: AFK-daky duşuşyklaryny tamamlan Ahal bilen Merw özara güýç synanyşar
TÝL ― 2023: Energetik ― Şagadam duşuşygynda hasap açylmady