Şu gün Aşgabat şäherindäki Nusaý stadionynda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 2-nji tapgyrynyň jemleýji duşuşygy geçirildi. Onda ýurduň häzirki çempiony Ahal wise-çempion Altyn asyry kabul etdi.
Ahal çempion bolan möwsüminde duşuşyklaryň aglabasynda esasy bäsdeşinden rüstem gelen hem bolsa, bu gezek utulyşdan halas bolup bilmedi. Altyn asyr duşuşygyň 37-nji minudynda Wahyt Orazsähedowyň geçiren goly bilen öňe saýlandy. Hatda, duşuşygyň birinji ýarymy aragatnaşykçylaryň 1:0 hasabyndaky öňdeligi bilen tamamlandy.
72-nji minutda Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri ýer eýeleriniň derwezesinden ýene bir pökgi geçirdiler. Bu gezek sahna Myrat Annaýew çykdy. Şol gol hem duşuşygyň netijesini kesgitledi.
1-nji tapgyrda Büzmeýin etrabynda Nebitçi bilen golsuz deňlige razy bolan Altyn asyr bu ýeňişden soň utugyny 4-e çykaryp, ýaryş tertibinde ikinji orna çykdy. 3 utukly Ahal bolsa Arkadag we Aşgabat toparlary bilen bilelikde üçünji orny paýlaşýar.
25-nji aprelde geçiriljek 3-nji tapgyryň duşuşyklarynda Ahal Maryda Merwiň myhmany bolar, Altyn asyr bolsa 3-nji tapgyrda dynç alar.