TÝL ― 2023: Ahal Aşgabady uly hasap bilen ýeňdi

TÝL ― 2023: Ahal Aşgabady uly hasap bilen ýeňdi

Änewiň Ahal futbol topary düýn Türkmenistanyň çempionatynyň 15-nji tapgyrynyň çäginde myhmançylykda Aşgabatdan uly hasap bilen üstün çykdy. Paýtagtdaky Nusaý stadionynda geçirilen duşuşyk Ahalyň 4:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Ikinji aýlawyň iň netijeli futbolçylarynyň biri Elman Tagaýewiň iki gezek tapawutlanan duşuşygynda beýleki gollary Gurban Annaýew bilen Ýazgylyç Gurbanow geçirdi.

Bu ýeňişden soň utugyny 13-e çykaran Ahal ýaryş tertibinde ýene bir basgançak beýgelip, altynjy orna göterildi. Ol şu duşuşykdaky garşydaşy Aşgabat bilen aralygyny 3 utuga çenli ýygyrdy.

“Aşgabat” “Ahal” 0:4

Gollar: 7 Gurban Annaýew, 33 (11 m.j.u.), 90 Elman Tagaýew, 81 Ýazgylyç Gurbanow.

Ýene degişli makalalar

TÝL ― 2023: Ahal ikinji aýlawda ilkinji gezek utuk ýitirdi, Şagadam ilkinji utugyny gazandy
TÝL ― 2023: 14-nji tapgyrdan soň gyzykly hasaplamalar
TÝL ― 2023: 15-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soň gyzykly hasaplamalar
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň oktýabr aýynda geçiriljek okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşjak düzümi belli boldy
AÇL. Pahtakor — Ahal oýnunyň esasy düzümleri belli boldy
AÇL. Ahal — Pahtakor oýnunyň başlangyç düzümleri belli boldy