TÝL ― 2023: 9-njy tapgyryň duşuşyklaryndan soň gyzykly hasaplamalar

TÝL ― 2023: 9-njy tapgyryň duşuşyklaryndan soň gyzykly hasaplamalar

― 9-njy tapgyrdan soň möwsümde tapawutlanan futbolçylaryň sany 55-e çykdy.

― Jemi 10 futbolçy möwsümdäki ilkinji goluny geçirdi. Olar Arkadag toparyndan Ybraýym Mämmedow, Ahaldan Meýlis Diniýew bilen Begenç Mämiýew, Aşgabatdan Jumamyrat Jumaýew, Nebitçiden Arslangylyç Nazgylyjow bilen Magtymberdi Berenow, Energetikden Serdar Annamämmedow bilen Baýramsähet Sapargylyjow, Altyn asyrdan Ahmet Ataýew bilen Rahman Myratberdiýewdir.

― Tapgyrda derwezelere 18 gol geçirildi. Bu bolsa möwsümiň rekordydyr.

― Möwsümiň 100-nji goly şu tapgyrda geçirildi. 9-njy tapgyrdan soňra Ýokary liganyň şu möwsüminde geçirilen gollaryň sany 103-e çykdy.

“Arkadag” “Ahal” 5:2

Gollar: 23 (11 m.j.u.), 52, 78 Didar Durdyýew, 28 Begmyrat Baýow, 57 Ybraýym Mämmedow 39 Meýlis Diniýew, 59 Begenç Mämiýew.

― Bu duşuşykdan soň Arkadag futbol topary möwsümde garşydaş derwezelere 30 gol geçiren ilkinji topar boldy. Toparyň hasabynda häzir 31 gol bar.

― Didar Durdyýew şu möwsümde 10 gol geçiren ilkinji futbolçy boldy. Häzir onuň hasabynda jemi 12 gol bar.

― Ybraýym Mämmedow bilen Begenç Mämiýew Ýokary ligadaky ilkinji gollaryny geçirdiler.

― Şu duşuşyk Ýokary liganyň şu möwsüminde iň kän gol geçirilen duşuşyk boldy. Görnüşi ýaly, duşuşykda derwezelere 7 gol geçirildi.

― Arkadag topary şu möwsümde bassyr 8 ýeňiş gazanan ýeke-täk topar boldy.

― Didar Durdyýew şu möwsümde het-trik eden ilkinji futbolçy boldy.

“Aşgabat” “Köpetdag” 2:1

Gollar: 58 Bäşim Gurbanberdiýew, 77 Jumamyrat Jumaýew 68 (11 m.j.u.) Öwezbaý Muhammetmyradow.

― Bu ýeňişden soň Aşgabat möwsümde 10 utuklyk sepgide ýeten bäşinji topar boldy. Paýtagtlylaryň häzir 12 utugy bar.

― Jumamyrat Jumaýew Ýokary ligadaky ilkinji goluny geçirdi.

― Köpetdagyň dört duşuşyklyk ýeňilmezlik, Aşgabadyň bolsa iki duşuşyklyk utulyşly tapgyrlary tamamlandy.

“Nebitçi” “Merw” 2:0

Gollar: 73 (11 m.j.u.) Arslangylyç Nazgylyjow, 85 Magtymberdi Berenow.

― Bu ýeňiş Nebitçä aýlawy üçünji orunda tamamlamaga mümkinçilik berdi.

― Arslangylyç Nazgylyjow Ýokary liganyň şu möwsüminde tapawutlanan 50-nji futbolçy body.

“Energetik” “Altyn Asyr” 2:4

Gollar: 37 Serdar Annamämmedow, 78 Baýramsähet Sapargylyjow 5, 22 Ahmet Ataýew, 45 Rahman Myratberdiýew, 90 Wahyt Orazsähedow.

― Birinji aýlawda 17 utuk gazanyp bilen Altyn asyr aýlawy ikinji orunda tamamlady.

― Möwsümde 6-njy goluny geçiren Wahyt Orazsähedow iň netijeli futbolçylaryň sanawynda ikinji orna göterildi.

― Baýramsähet Sapargylyjow Ýokary ligadaky ilkinji goluny geçirdi.

― 6 golly bu duşuşyk möwsümiň iň kän golly duşuşyklarynyň arasynda ikinji orny eýeleýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Ahal taryhynda dördünji gezek Türkmenistanyň kubogyna mynasyp
Nazir Habibowyň täze klibi, bilim ulgamynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklar pugtalandyrylýar, 2023-nji ýylyň maý aýynda geçiriljek medeni çäreleriň maksatnamasy we beýleki habarlar
TÝL ― 2023: üç günde iki duşuşyk geçiriler
TÝL — 2023: Aşgabat bilen Şagadam deňme-deň oýnady