Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynyň 16-njy tapgyrynda şu möwsümdäki iň kän golly duşuşyk hasaba alyndy. Büzmeýinde Altyn asyr bilen Aşgabadyň arasynda geçirilen duşuşykda janköýerler derwezelere 9 pökginiň girilmegine şaýat boldular.
Duşuşyk Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleriniň 7:2 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Myrat Annaýewiň iki gezek tapawutlanan duşuşygynda aragatnaşykçylaryň beýleki gollaryny Wahyt Orazsähedow, Selim Nurmyradow, Hoşgeldi Hojowow dagylar we Aşgabadyň futbolçysy Begmyrat Arbatow geçirdi. Aşgabatdan bolsa Şatlyk Gurbanow bilen Hydyrgeldi Atjanow tapawutlandy.
Bu duşuşykdan soň utugyny 29-a çykaran Altyn asyr 36 utukly Arkadag bilen aralygy 7 utuga çenli ýygyrdy. 16 utukly Aşgabat bolsa diňe bir uly hasaply utulyş bilen däl, eýsem, ýaryş tertibinde ýene bir basgançak aşak düşmegiň ― altynjylyga gelmegiň hasratyny çekmeli boldy.
Altyn asyr “Aşgabat” 7:2
Gollar: 10, 63 (11 m.j.u.) Myrat Annaýew, 25 Wahyt Orazsähedow, 67, 84 Selim Nurmyradow, 70 Hoşgeldi Hojowow, 81 Begmyrat Arbatow (öz derwezesine) 31 Şatlyk Gurbanow, 73 Hydyrgeldi Atjanow.