TÝL ― 2023: 8-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soň gyzykly hasaplamalar

TÝL ― 2023: 8-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soň gyzykly hasaplamalar

― 8-nji tapgyrdan soň möwsümde tapawutlanan futbolçylaryň sany 45-e çykdy. Bu tapgyrda sanawa Guwanç Abylow, Abdy Bäşimow, Şanazar Tirkişow we Hojanazar Gurbanow goşuldy.

― Tapgyrda derwezelere 10 gol geçirildi.

― Möwsümde geçirilen gollaryň sany 85-e çykdy.

Köpetdag Nebitçi 1:0

Gol: 76 Baýramgeldi Gulmaýew.

“Merw” “Energetik” 0:1

Gol: 90+3 Arslan Ýusupow.

“Altyn Asyr” “Arkadag” 1:2

Gollar: 18 Azat Annaýew 47 Abdy Bäşimow, 90+3 Şanazar Tirkişow.

Duýduryşlar: 90+2 Döwletmuhammet Jallatow, Hoşgeldi Hojowow, oýundan soň (“Altyn Asyr”) 14 Begenç Akmämmedow, 38 Abdy Bäşimow, 77 Yhlas Saparmämmedow, 90+3 Ybraýym Mämmedow.

― Altyn asyr möwsümde birinji gezek utuldy. Indi çempionatyň şu möwsüminde utulyp görmedik diňe Arkadag futbol topary galdy.

― Arkadag şu möwsümde 20 utuklyk sepgide ýeten ilkinji topar boldy. Bu sepgide indi iň ýakyn toparlar bolan Altyn asyr bilen Köpetdagda 14 utuk bar.

― Arkadagyň hüjümçisi Didar Durdyýewiň 10 duşuşyk dowam eden golly tapgyry tapdyry. Bu duşuşyklaryň altysy Ýokary ligada, dördüsi Türkmenistanyň kubogynda geçirildi. Didar bu duşuşyklarda 15 gol geçiripdi.

― Altyn asyryň Ýokary ligada dört duşuşyklyk ýeňişli, alty duşuşyklyk ýeňilmezlik tapgyry tamamlandy.

“Şagadam” “Aşgabat” 3:2

Gollar: 30 Baýram Ataýew, 60, 67 Guwanç Abylow 44 (11 m.j.u.) Söhbet Allanurow, 87 Hojanazar Gurbanow.

Duýduryşlar: 44 Baýramgeldi Nurlyýew, 72 Baýram Ataýew (“Şagadam”) 74 Möwlamberdi Goşşanow (“Aşgabat”)

― Möwsümde ikinji gezek tapawutlanan Söhbet Allanurow bu gollaryň ikisini hem 11 metrlik jerime urgusyndan geçirdi.

― Hojanazar Gurbanow Ýokary ligadaky ilkinji goluny geçirdi. Ol çempionatda 2012-nji ýyldan bäri tapawutlanan 333-nji futbolçy boldy.

― Aşgabat topary şu ýyl myhmançylykda geçiren duşuşyklarynda ilkinji gezek utuldy.

― Hojanazar Gurbanow 2013-nji ýyldan bäri Aşgabadyň düzüminde Ýokary ligada tapawutlanan 70-nji futbolçy boldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Türkmeniň Altyn asyry bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Olara altyn zynjyrlar we umumylykda 654 müň manada golaý möçberde pul baýraklary gowşuryldy
TÝL ― 2023: 14-nji tapgyrdan soň gyzykly hasaplamalar
AFK-nyň kubogy: Ahalyň yklym ýaryşyna alyp baran oýunçylary belli boldy
“Altyn asyr” arany açýar