
Ertir ― 4-nji maýda Türkmenistanyň futbol boýunça milli çempionatynyň Ýokary ligasynda 5-nji tapgyryň duşuşyklaryna badalga berler.
Tapgyryň birinji gününde Aşgabat derbisi geçiriler. Onda Köpetdag Altyn asyry kabul eder. Häzir 9 utukly Köpetdag ikinji, 7 utukly Altyn asyr bolsa üçünji orny eýeleýär. TFF duşuşygyň Aşgabat stadionynda geçiriljekdigini we onuň öýlän sagat 17-de başlanjakdygyny habar berdi. Duşuşygyň baş emini Çarymyrat Gurbanow bolar.
Şol gün Türkmenbaşy şäherinde ýerli Şagadam Ahaly kabul eder. Geçen möwsümde üstünlikli çykyş eden toparlaryň ikisi hem täze möwsümde garaşylanyndan pes netijäni görkezýärler. Ahal bary-ýogy bir gezek ýeňiş gazanyp bilen bolsa, Şagadama heniz deňme-deň oýnamak hem başardanok. Şagadam stadioonynda geçiriljek duşuşyk 4-nji maý güni sagat 17:30-da başlanar. Duşuşygyň baş emini Resul Mämmedow bolar.
Ýaryşyň lideri Arkadag futbol topary 5-nji maý güni Aşgabat futbol toparynyň myhmany bolar. Nusaý stadionynda geçiriljek duşuşyk öýlän sagat 17:00-da başlanar. Onuň baş emini balkanabatly Ş.Hydyrow bolar.
Tapgyr anna güni geçiriljek Nebitçi ― Energetik duşuşygy bilen tamamlanar. Balkanabat şäherindäki 10 müň orunlyk sport toplumynda geçiriljek duşuşyk sagat 18:15-de başlanar. Duşuşygyň baş emini Akmyrat Gurbanow bolar.
Mary şäheriniň Merw futbol topary 5-nji tapgyrda dynç alar.