TÝL ― 2023: 2-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soň käbir gyzykly hasaplamalar

TÝL ― 2023: 2-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soň käbir gyzykly hasaplamalar

“Nebitçi” “Şagadam” 2:1

Gollar: 38 (11 m.j.u.) Daýanç Orazgulyýew, 58 Döwran Berdiýew 69 Salim Umarow.

“Energetik” “Köpetdag” 0:2

Gollar: 3 Öwezbaý Muhammetberdiýew, 89 Myrat Amantaganow.

“Arkadag” “Merw” 2:1

Gollar: 6 Didar Durdyýew, 10 Arslanmyrat Amanow 49 Alibek Abdyrahmanow.

Duýduryşlar: 5 Mekan Saparow, 68 Yhlas Toýjanow 75 Ambýar Mahmudow, 85 Kemal Annamuhammedow.

“Ahal” “Altyn Asyr” 0:2

Gollar: 37 Wahyt Orazsähedow, 73 Myrat Annaýew.

Türkmenistanyň futbol boýunça milli çempionatynyň 2-nji tapgyry hem yzda galdy. Eýsem, bu tapgyr 31-nji gezek geçirilýän milli çempionatymyzyň taryhynda nähili aýratynlyklar bilen orun tutdy? Geliň, şol aýratynlyklara bilelikde göz aýlalyň!

― Paýtagtyň Aşgabat futbol toparynyň dynç alan tapgyrynda Nebitçi öz meýdanynda Şagadamy 2:1 hasabynda, Köpetdan myhmançylykda Energetigi 2:0 hasabynda, Arkadag futbol topary öz meýdanynda Marynyň Merwini 2:1, Altyn asyr bolsa myhmançylykda Ahaly 2:0 hasabynda ýeňdi;

― Şeýlelikde, tapgyrdaky dört duşuşygyň ikisi 2:1, galan ikisi hem 2:0 hasabynda tamamlandy. Täsin tarapy 2:1 hasaby bilen tamamlanan duşuşyklarda ýer eýeleri, 2:0 hasabynda tamamlananlarda bolsa myhmanlar ýeňiş gazandylar;

― 2-nji tapgyrda derwezelere 10 pökgi geçirildi. Şeýlelikde, çempionatyň ilkinji iki tapgyrynda geçirilen gollaryň sany 15-e çykdy;

― Köpetdagyň futbolçysy Myrat Amantaganow Ýokary liganyň şu möwsüminde 10-njy pökgini geçiren futbolçy hökmünde hasaba alyndy. Ol Mary şäherinde ýerli Energetik bilen bolan duşuşygyň 89-njy minudynda tapawutlandy;

― Tapgyrda Arkadag futbol topary öz taryhyndaky ilkinji resmi duşuşygyny geçirdi. Şeýle hem topar ilkinji ýeňşini gazandy;

― Hüjümçi Didar Durdyýew Arkadag futbol toparynyň resmi duşuşyklardaky ilkinji goluny geçirdi. Ol paýtagtyň Nusaý stadionynda Merw bilen geçirilen duşuşygyň 6-njy minudynda tapawutlandy;

― Tapgyrda Altyn asyr, Nebitçi we Arkadag futbol toparlary täze möwsümdäki ilkinji ýeňişlerini gazandylar;

― 2-nji tapgyrdan soň Köpetdag 6 utuk bilen ýaryş tertibiniň başyny çekýär. Ikinji we üçünji orunlardaky Altyn asyr bilen Nebitçide 4 utukdan bar. 3 utukly toparlardan Arkadag topary dördünji, Aşgabat bäşinji, Ahal bolsa altynjy orny eýeleýär. Yzda galan iki tapgyrdan soň üç topar ― Şagadam, Merw we Energetik heniz utuk gazanyp bilenok;

― Möwsümiň ilkinji iki tapgyryndan soň diňe Köpetdag, Arkadag we Aşgabat toparlary utuk ýitirip görenok. Galan toparlar, azyndan bir utuk ýitirdiler;

― Ilkinji iki tapgyrdan soň çempionatda jemi 15 futbolçy tapawutlandy. Olaryň hersi bir goldan geçirdiler;

― şahsy hasaplamalarymyz ýarym goragçy Myrat Annaýewiň Myrat Annaýew Altyn asyryň düzüminde Ýokary ligada geçiren gollarynyň sanyny 30-a tegeländigini görkezýär. Şeýlelikde, ol aragatnaşykçylar bilen milli çempionatda 2013-nji ýyldan bäri iň kän pökgi geçiren futbolçylaryň sanawynda altynjy orna göterildi. Myrat Annaýewiň 2-nji tapgyrda Ahal bilen geçirilen duşuşygyň 73-nji minudynda tapawutlanandygyny ýatladýarys.

― Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 3-nji tapgyrynyň duşuşyklary 25-nji aprelde geçiriler. Olarda Merw Ahaly, Köpetdag Arkadag toparyny, Şagadam Energetigi, Aşgabat bolsa Nebitçini kabul eder. Tapgyrda Altyn asyr futbol topary dynç alar.

Ýene degişli makalalar

TÝL ― 2024: Arkadag toparynyň ýeňşi, Balkanabatdaky deňlik
TÝL ― 2022: kyn gelen ýeňiş Ahaly ýaryş tertibiniň başyna çykardy
Türkmen futboly ― 2023: möwsümiň iň gowulary yglan edildi
TÝL ― 2024: ýaryş tertibi, 19-njy tapgyryň geçiriliş tertibi
TÝL ― 2024: 19-njy tapgyryň duşuşyklary geçiriler
TÝL ― 2024: Ahal Aşgabady uly hasap bilen ýeňdi