
Düýn 4:0 hasabynda tamamlanan Ahal ― Merw duşuşygyndan soň 12-nji tapgyr Ýokary liganyň şu möwsümindäki iň köp gol geçiren tapgyrlaryň arasynda ikinji orna ýerleşdi.
Tapgyrdaky dört duşuşykda derwezelere jemi 18 gol geçirildi. Bu gollaryň 5-si Arkadag ― Köpetdag (3:2), biri Energetik ― Şagadam (1:0) duşuşyklaryna degişlidir. Möwsümiň iň kän gol geçirilen duşuşyklarynyň bolan Nebitçi ― Aşgabat duşuşygy hem (6:1) şu tapgyrda oýnaldy.
12-nji tapgyr ikinji orny 9-njy tapgyr bilen paýlaşýar. Birinji orunda bolsa 19 golly 14-nji tapgyr bar