Şu gün Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynyň 15-nji tapgyrynyň duşuşygy geçirildi.
Köpetdag stadionynda geçirilen duşuşykda adybir topar Marynyň Merwini kabul etdi. Duşuşygyň eýýäm 19-njy minudynda Köpetdag Batyr Täçnazarowyň geçiren goly bilen öňe saýlandy. 52-nji minutda bolsa Ýagşysähet Döwletgeldiýew meýdanyň burçundan oýna girilen pökgini gola öwürtmegi başardy.
73-nji minutdan başlap bolsa Köpetdag her 10 minuda bir gol sygdyrdy. 73-nji minutda Döwletmyrat Seýitmuhammedow, 83-nji we 93-nji minutlarda bolsa Şamämmet Hydyrow tapawutlanyp, Köpetdagyň has uly tapawut bilen ýeňiş gazanmagyna goşant goşdy.
Şeýlelikde, 4:1 hasabynda ýeňiş gazanan Köpetdag Ýokary ligadaky utugyny 20-a çykaryp, bäşinji orundaky ýerini gorady. 12 utukly Merw bolsa ýedinji basgançakda galdy.
Witaliý Alikperowyň şägirtleriniň 13 günde bäş duşuşyk geçirendigini hem bellemek gerek. Hut, şu oýun dyknyşygy hem Mary welaýatyna wekilçilik edýän toparyň güýjüniň näme üçin haýallandygyna şaýatlyk edýär.