TÝL ― 2023: 10-njy tapgyryň duşuşyklaryndan soň gyzykly hasaplamalar

― Şamämmet Hydyrow bilen Myrat Ýagşyýew Ýokary liganyň şu möwsümindäki ilkinji gollaryny geçirdiler.

“Şagadam” “Köpetdag” 0:1

Gol: 19 Şamämmet Hydyrow.

“Aşgabat” “Merw” 2:2

Gollar: 12 Bäşim Gurbanberdiýew, 45+2 (11 m.j.u.) Şatlyk Gurbanow 11 Şamämmet Agamämmedow (öz derwezesine), 60 Murat Ýakşiýew.

― Ýokary liganyň şu möwsümindäki 4-nji goluny geçiren Şatlyk Gurbanow möwsümiň iň netijeli futbolçylarynyň sanawynda hem dördünji orna göterildi.

― Şamämmet Agamämmedow Ýokary liganyň şu möwsüminde öz derwezesine pökgi geçiren dördünji futbolçy boldy. Gyzykly tarapy, bu futbolçylaryň ikisi Aşgabada degişlidir.

― Şatlyk Gurbanow şu möwsümde 11 metrlik jerime urgusyndan dürs peýdalanan 10-njy futbolçy boldy.

― Myrat Ýagşyýew 2013-nji ýyldan bäri Merwiň düzüminde tapawutlanan 50-nji futbolçy boldy.

“Nebitçi” “Altyn Asyr” 0:1

Gol: 73 Zafar Babajanow

― Altyn asyr Ýokary liganyň şu möwsüminde 20 utuklyk sepgide ýetip bilen ilkinji topar boldy. Mundan ozal diňe Arkadag futbol toparynda 24 utuk bardy.

― Zafar Babajanow Ýokary liganyň şu möwsüminde iki toparyň düzüminde tapawutlanan ilkinji futbolçy boldy.

― Nebitçi şu möwsümde öz meýdanynda ilkinji gezek utuldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
AFK-nyň kubogy ― 2021: Ýazguly Hojageldiýew Nasaf bilen duşuşykda esasan ýaş oýunçylara mümkinçilik berdi
AFK-nyň kubogy ― 2021: Alaý ― Altyn asyr duşuşygynyň esasy düzümi
TÝL ― 2023: 14-nji tapgyrdan soň gyzykly hasaplamalar
TÝL ― 2023: Altyn asyr Köpetdagy uly hasap bilen ýeňdi
AFK-nyň kubogy ― 2021: Altyn asyr Täjigistana 28 futbolçy bilen gitdi