
Marynyň Merw futbol topary Türkmenistanyň çempionatynyň 17-nji tapgyrynda Aşgabady 2:1 hasabynda ýeňdi. Duşuşyk Mary şäherindäki 10 müň orunlyk sport toplumynda geçirildi.
Mary şäherine wekilçilik edýän toparyň gollarynyň ikisini hem Alibek Abdurahmanow (12-nji we 22-nji minutlarda) geçirdi. Aşgabatdan bolsa Merdan Muhadow tapawutlandy.
Bu ýeňişden soňra utugyny 26-a çykaran Merw dördünji orundaky ýerini gorady. Aşgabat bolsa 16 utuk bilen altynjy orunda galdy.
Merw 4-nji noýabr güni myhmançylykda Nebitçi bilen duşuşar. Aşgabat bolsa şol günüň ertirligi Energetigiň myhmany bolar.