
Marynyň Merw futbol topary Türkmenistanyň çempionatynyň 22-nji tapgyrynda Köpetdagy 3:2 hasabynda ýeňdi. Duşuşyk Mary şäherindäki Sport toplumy stadionynda geçirildi.
Ýer eýelerinde ilkinji hasaplar Alibek Abdyrahmanowyň 3-nji we 61-nji (11 m.j.u.) minutlarda geçiren goşa goly bilen açyldy. Merwiň üçünji goluny bolsa 72-nji minutda Orazberdi Myradow geçirdi. Myhman toparda 21-nji minutda Şamämmet Hydyrow, 30-njy minutda bolsa Ýazgylyç Gurbanow geçirdi.
Duşuşygyň ahyrynda Köpetdagyň wekili Bagtyýar Gürgenow eminden ikinji sary karty hem alyp, oýundan çykaryldy.
Bu ýeňişden soňra utugyny 36-a çykaran Merw üçünji orundaky ýerini gorady. Topar ýaryşdaky goňşusy Köpetdag bilen aralygy 5 utuga çenli açdy.