
Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynda 4-nji tapgyryň merkezi duşuşygy Aşgabadyň Nusaý stadionynda geçirildi. Onda çempionlygyň iki dalaşgäri ― Ahal bilen Şagadam özara güýç synanyşdylar.
Baş emin Babanazar Haknazarowyň sary kartlaryň 8-sini we bir gyzyl kart görkezen dartgynly duşuşygy 1:0 hasabynda Ahalyň ýeňşi bilen tamamlandy. Duşuşykdaky ýeke-täk pökgini 75-nji minutda Meýlis Diniýew geçirdi.
Maglumatlar duşuşygyň goşmaça wagtynyň has dartgynly bolandygyny görkezýär. Goşmaça wagtyň 5-nji minudynda emin Ahaldan Mirza Beknazarow bilen Abdy Bäşimowa, Şagadamdan Salim Umarowa sary duýduryş kartyny görkezmeli boldy. Ätiýaçlyk oturgyjyndaky Arslanmyrat Amanow bolsa (Ahal) gyzyl kart bilen meýdandan çykaryldy we toparynyň indiki duşuşygyna gatnaşmakdan mahrum boldy.
Her niçik hem bolsa, bu ýeňiş Ahaly ýaryş tertibiniň birinji basgançagyna çykardy. Toparda indi 10 utuk bar. Ahal möwsümde 10 utuklyk sepgide ilkinji bolup ýeten topar boldy. Dört duşuşykda 7 utuk toplap bilen Şagadam bolsa dördünji orunda galdy. Şagadamyň möwsümde ilkinji gezek ýeňlendigini hem aýtmak gerek.
Ahal 5-nji tapgyryň duşuşygyny hem Aşgabatda geçirer. Has takygy, topar indiki tapgyrda Köpetdagyň myhmany bolar. Şagadam bolsa möwsümdäki ilkinji ýeňşini gazanan Energetigi kabul eder.