TÝL ― 2022: Aşgabat myhmançylykda Şagadamy ýeňdi

TÝL ― 2022: Aşgabat myhmançylykda Şagadamy ýeňdi

Aşgabat Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 15-nji tapgyrynda Şagadamy ýeňlişe uçratdy. Türkmenbaşy şäherinde geçirilen duşuşyk paýtagtyň adybir toparynyň 2:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Duşuşykda Aşgabadyň pökgülerini 27-nji minutda Bäşim Gurbanberdiýew, 65-nji minutda Pirmyrat Sultanow geçirdi.

Bu utulyşdan soň 19 utukda galan Şagadam heniz hem ýaryş tertibiniň bäşinji basgançagynda. Altynjy orundaky Aşgabat bolsa 13 utuga beýgeldi.

26-njy oktýabr güni Şagadam bilen Aşgabat Türkmenistanyň kubogynyň ýarym finalynda hem duşuşarlar.

22-nji oktýabrda geçiriljek 16-njy tapgyryň duşuşyklarynda Aşgabat Köpetdagy kabul eder, Şagadam bolsa Nebitçiniň myhmany bolar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Futbol boýunça Ýokary liganyň wekilleri ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirdiler
TÝL ― 2024: Arkadag toparynyň ýeňşi, Balkanabatdaky deňlik
TÝL. Merdan Saparow karýerasyny tamamlady
TÝL ― 2024: Ahal Aşgabady uly hasap bilen ýeňdi
TÝL ― 2024: ýaryş tertibi, 19-njy tapgyryň geçiriliş tertibi