TÝL ― 2022: Altyn asyr Aşgabady uly hasap bilen ýeňdi

TÝL ― 2022: Altyn asyr Aşgabady uly hasap bilen ýeňdi

Aşgabatdaky Nusaý stadionynda geçirilen duşuşykda Aşgabat möwsümi kümüş medal bilen tamamlamaga eýýäm hukuk gazanan Altyn asyry kabul etdi. 27-nji tapgyryň çägindäki bu duşuşygyň birinji ýarymynda hasap açylmasa-da, eminiň soňky jürlewügine çenli aragatnaşykçylar 3:0 hasabynda ýeňiş gazanmagy başardylar.

Gollaryň perdesini 48-nji minutda goragçy Zafar Babajanow açdy. 75-nji minutda baş eminiň ýerli toparyň derwezesine bellän 11 metrlik jerime urgusyndan dürs peýdalanan Myrat Annaýew hasaby 2:0-a çykardy. Duşuşykdaky jemleýji goly 87-nji minutda Nurmyrat Rozyýew geçirdi.

Aşgabadyň futbolçylarynyň bäşisine sary kart görkezilen duşuşykdan soň Altyn asyr utugyny 58-e çykardy. Indi aragatnaşykçylaryň möwsümi 60-dan gowrak utuk bilen tamamlamaga mümkinçiligi bar. Altynjy orundaky Aşgabat bolsa 30 utukda galdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
TÝL ― 2024: Arkadag toparynyň ýeňşi, Balkanabatdaky deňlik
TÝL ― 2023: Tirkişow 20-nji goluny geçirdi
TÝL ― 2023: AFK-daky duşuşyklaryny tamamlan Ahal bilen Merw özara güýç synanyşar
TÝL ― 2023: Energetik ― Şagadam duşuşygynda hasap açylmady
TÝL ― 2023: Altyn asyr kümüş medalyň eýesi boldy