Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 11-nji tapgyrynyň çäginde Mary şäherinde geçirilen duşuşykda derwezelere 8 pökgi girizildi. Duşuşyk Merwiň uly hasapdaky ýeňşi bilen tamamlandy.
Has takygy, Mary şäherindäki 10 müň orunlyk Sport toplumynda Nebitçini kabul eden Merw 6:2 hasabynda garşydaşyndan üstün çykdy.
22-nji minutda Toýly Goçnazarowyň, 35-nji minutda Kemal Annamuhammedowyň we 41-nji minutda Alibek Abdyrahmanowyň geçiren gollaryna Nebitçi 44-nji minutda Arslangylyç Nazarow bilen bir gezek jogap berdi.
Ýöne Merwiň hüjümleri munuň bilen hem tamamlandy. Alibek Abdyrahmanow ikinji ýarymda ýene üç gezek ― 64 (11 m.j.u.), 79 we 88-nji minutlarda hem tapawutlanyp, şu möwsümde pokeri amala aşyran ilkinji futbolçy boldy. Nebitçi bolsa ýer eýeleriniň bu gol ýagmyryna diňe 70-nji minutda Röwşen Begjanowyň tapawutlanmagynda bir gezek saýawan tutup bildi.
Bu ýeňiş Merwi oýun artykmaçlygy bilen ýaryş tertibiniň ikinji basgançagyna hem çykardy. Häzir Mary şäheriniň toparynda 11 duşuşykda 22, Altyn asyrda bolsa 10 duşuşykda 21 utuk toplady. Merwiň ikinji orunda galyp-galmajaklygy aragatnaşykçylaryň şu gün geçirjek duşuşygynyň ykbalyna bagly. Nebitçiniň bolsa 3 utuk bilen iň soňky orunda barýandygyny ýatladýarys.
12-nji tapgyrda 4-nji oktýabr güni Merw Altyn asyryň myhmany bolar. Nebitçi bolsa şol gün Aşgabady kabul eder.