
Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 19-njy tapgyrynyň çäginde bir duşuşyk geçirilip, onda Aşgabat topary öz meýdanynda Nebitçini 3:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Bu barada TFF-niň resmi saýty habar berdi.
Şeýlelikde, geçirilen duşuşykdan soň 19 utuk toplan Aşgabat altynjy orny eýeleýär. 7 utugy bolan Nebitçi ýaryş tertibinde soňky orunda barýar.
Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 19-njy tapgyrynyň jemleýji duşuşyklary 9-njy noýabrda geçirilip, onda Merw Altyn asyr, Şagadam Energetik hem-de Köpetdag Ahal toparlary duşuşarlar.
19-njy tapgyryň duşuşygy:
Aşgabat Nebitçi 3:0 Gollar: 2 Pirmyrat Sultanow, 54, 80 Merdan Muhadow. Duýduryşlar: 45 Pirmyrat Sultanow 34 Röwşen Begjanow, 76 Magtymberdi Berenow. Geçirilen ýeri: Nusaý stadiony (Aşgabat ş.) Duşuşygyň emini: N.Garajaýew (Aşgabat ş.) Kömekçi eminler: I.Kurambaýew (Daşoguz ş.), E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.) Ätiýaçdaky emin: M.Gulmuhamedi (Aşgabat ş.) Gözegçi emin: G.Öwezow (Aşgabat ş.)
Çempionatyň tablisasy: