
Türkmenportalyň sport habarçysynyň şahsy hasaplamalaryna görä, Şagadam ― Merw (4:2) duşuşygynda Yhlas Magtymow Ýokary ligadaky 50-nji pökgüsini tora girizdi.
Has takygy, bu duşuşykda iki gezek tapawutlanan futbolçynyň birinji pökgüsi onuň Ýokary ligadaky 50-nji goly hökmünde bellige alyndy.
Tejribeli futbolçy 51 golluk netije bilen Ýokary ligada 2012-nji ýyldan bäri iň kän tapawutlanan futbolçylaryň arasynda 13-nji orny eýeleýär.